YHÖG dünýä ykdysadyýetiniň ösüşiniň peselmegini çaklaýar

BIZNES TÜRKMENISTAN
YHÖG dünýä ykdysadyýetiniň ösüşiniň peselmegini çaklaýar
YHÖG häzirki çaklamasynda dünýä ykdysadyýetiniň 5,6% ösmegine garaşýar.

Ykdysady hyzmatdaşlyk we ösüş guramasy (YHÖG) çarşenbe güni çap eden ykdysady çaklamalarynda dünýä ykdysadyýetiniň ösüş depgininiň peselýändigini we barha deňagramlylygyny ýitirýändigini belledi hem-de COVID-19 ýokanjynyň täze omikron görnüşiniň ykdysady dikelişe howp salyp biljekdigini mälim etdi.

Gurama häzirki çaklamasynda dünýä ykdysadyýetiniň 5,6% ösmegine garaşýar. Ol ozal dünýä ykdysadyýetiniň 5,7% ösmegine garaşýardy. 2022-nji ýylda dünýä ykdysadyýetiniň ösüşi 4,5%-e çenli peselmegine garaşylýar.

COVID-19 ýokanjynyň täze omikron görnüşi häzirden ýokary bolan näbelliligiň we töwekgelçiligiň derejesini hasam artdyryp, dünýä ykdysadyýetiniň dikelişine zeper ýetirip biljekdigine aladalanma bildirýäris diýip, YHÖG-niň Baş ykdysatçysy Laurens Bunyň metbugat ýygnagynda aýdanlaryna salgylanyp, AFP agentligi habar berdi.

YHÖG islegiň kadalaşmagy, önümçilik kuwwatynyň artmagy we adamlaryň işe dolanyp gelmegi bilen üpjünçilik meseleleriniň “2022-23-nji ýyla çenli kem-kemden azaljakdygyny” nygtady. Şeýle hem, bu gurama dünýäde döwletleriň ösüşinde deňagramsyzlyga ünsi çekdi.

“Dünýä ykdysadyýetiniň käbir bölekleri çalt depginde dikelýär” emma, “beýlekilere, esasanam sanjym derejesi pes bolan az girdejili ýurtlara yzda galmak howpy abanýar” diýip, YHÖG belledi.

YHÖG ykdysady ösüşi we dünýä söwdasyny höweslendirmek üçin 1961-nji ýylda döredilen hökümetara guramadyr. Oňa häzirki wagtda 38 sany döwlet agza bolup durýar. YHÖG-niň agzalary ýokary girdejili ykdysadyýetler we ösen ýurtlar hasaplanýar.

2022