Ýewropa Bileleşigi çarşenbe güni “Global Gateway” diýlip atlandyrylýan meýilnamasy bilen tanyşdyrdy. Bu meýilnama 2027-nji ýyla çenli dünýäde infrastruktura taslamalary üçin 300 milliard ýewro (340 milliard ABŞ dollary) maýa goýumy göz öňünde tutýar.
“Global Gateway” Strategiýasy Ýewropanyň dünýä bilen has berk aragatnaşyk gurmagy üçin bir çarçuwadyr” diýip, Ýewropa Komissiýasynyň Prezidenti Ursula fon der Lýaýen komissiýanyň saýtynda çap edilen metbugat beýanatynda aýtdy.
Meýilnama laýyklykda, 2021-2027-nji ýyllar aralygynda ösüp gelýän ýurtlaryň infrastrukturasyna milliardlarça maýa goýum goýlar.
Meýilnamada sanly ulgam, howa we energiýa, ulag, saglyk, bilim we gözleg işleri boýunça durnukly maýa goýumlar göz öňünde tutulýar.
Grantlar, karzlar we kepillikler görnüşinde maýa goýuljak maliýe serişdeleri Ýewropa Bileleşiginiň guramalaryndan, hökümetlerinden, şeýle hem onuň maliýe edaralaryndan we milli ösüş banklaryndan geler.