Türkmen gümrük nokatlarynda ýükleriň has içgin barlanmagy tabşyryldy

BIZNES TÜRKMENISTAN
Türkmen gümrük nokatlarynda ýükleriň has içgin barlanmagy tabşyryldy
Milli Liderimiz gümrük nokatlarynyň işini kämilleşdirmek boýunça tabşyryklaryň takyk ýerine ýetirilmeginiň zerurdygyny nygtady.

Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedow penşenbe güni Döwlet howpsuzlyk geňeşiniň mejlisiniň dowamynda Döwlet gümrük gullugynyň başlygy Maksat Hudaýkulyýewe gümrük nokatlarynda ýükleriň has içgin barlanmagyny üpjün etmegi tabşyrdy.

Döwlet gümrük gullugynyň başlygy ýanwar — noýabr aýlarynda ýerine ýetirilen işler hem-de serhetden geçýän ýükleriň talabalaýyk gözden geçirilmegini üpjün etmek we edaranyň maddy-enjamlaýyn binýadyny döwrebaplaşdyrmak boýunça görlen çäreler barada hasabat berdi. Bu barada Türkmenistanyň resmi metbugaty habar berýär.

Döwlet Baştutanymyz hasabaty diňläp, dünýä bileleşiginiň Türkmenistana gyzyklanmasynyň ýokarlanýandygynyň, ýurdumyza getirilýän harytlaryň hem-de üstaşyr ýük daşamalarynyň möçberiniň yzygiderli artýandygynyň Diýarymyzda ýaýbaňlandyrylan giň gerimli ykdysady özgertmeler bilen şertlendirilendigini aýtdy.

Milli Liderimiz gümrük nokatlarynyň işini kämilleşdirmek boýunça tabşyryklaryň takyk ýerine ýetirilmeginiň zerurdygyny nygtap, geçirilýän ýükleriň has içgin barlanylmagyny üpjün etmegi tabşyrdy.

Mejlisde başga-da birnäçe möhüm meselelere garaldy we olar boýunça degişli çözgütler kabul edildi.