Türkmenistanda kiçi we orta kärhanalara maliýe ýardamyny bermek meýilleşdirilýär

BIZNES TÜRKMENISTAN
Türkmenistanda kiçi we orta kärhanalara maliýe ýardamyny bermek meýilleşdirilýär
Hormatly Prezidentimiz Senagatçylar we telekeçiler birleşmesiniň işini hem güýçlendirmegi tabşyryp, telekeçilere geljekde-de goldaw beriljekdigini nygtady.

Türkmenistanda telekeçiligi höweslendirmek maksady bilen, ykdysadyýetiň hususy ulgamyny döwlet tarapyndan goldamak, kiçi we orta telekeçiligiň, hususan-da, syýahatçylyk işi bilen meşgullanýan kärhanalaryň ösmegi üçin maliýe hem-de maddy-enjamlaýyn taýdan kömek bermek boýunça nobatdaky çäreler işlenilip taýýarlanylar. Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedow anna güni sanly ulgam arkaly geçirilen Ministrler Kabinetiniň mejlisiniň dowamynda wise-premýer Çary Gylyjowa degişli tabşyrygy berdi.

Türkmenistanyň resmi metbugatynyň habar berşi ýaly, mejlisiň dowamynda wise-premýer söwda we dokma toplumynyň ministrlikleriniň hem-de pudaklaýyn dolandyryş edaralarynyň, telekeçilik ulgamynyň şu ýylyň on bir aýynda ýerine ýetiren işleriniň netijeleri barada hasabat berdi.

Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow hasabaty diňläp, wise-premýere halkyň sarp edýän harytlarynyň öndürilýän möçberini mundan beýläk-de artdyrmak boýunça anyk görkezmeleri berdi.

Döwlet Baştutanymyz gyş paslynyň başlanandygyny, şoňa görä-de, bazarlarymyzda we dükanlarymyzda, aýratyn-da, baýramçylyk günleri dürli önümleriň bolelin bolmagyny hemişe gözegçilikde saklamagyň zerurdygyny, nyrhlaryň ýokarlanmagyna ýol berilmeli däldigini aýdyp, wise-premýere degişli tabşyryklary berdi.

Hormatly Prezidentimiz Senagatçylar we telekeçiler birleşmesiniň işini hem güýçlendirmegi tabşyryp, telekeçilere geljekde-de goldaw beriljekdigini nygtady.

Mundan başga-da, Döwlet Baştutanymyz ýokary öndürijilikli, iň täze enjamlar we innowasion tehnologiýalar bilen üpjün edilen, öz-özüni maliýeleşdirmäge hem-de ösüş meselelerini çözmäge ukyply, täze iri tehnologiýa kompaniýalaryny döretmegi dowam etdirmegiň wajypdygyny belläp, wise-premýere anyk tabşyryklary berdi.

Ministrler Kabinetiniň giňişleýin mejlisinde döwlet durmuşyna degişli başga-da birnäçe meselelere garaldy we olar boýunça degişli çözgütler kabul edildi.

2022