FAO: Dünýäde azyk önümleriniň bahalarynyň ýokarlanmagy dowam edýär

BIZNES TÜRKMENISTAN
FAO: Dünýäde azyk önümleriniň bahalarynyň ýokarlanmagy dowam edýär
Süýt önümleriniň bahasynyň indeksi geçen aý bilen deňeşdirilende 3,4% ýokarlandy. (Surat: “Tass”)

Azyk önümleriniň dünýä bahalary yzygiderli dört aýlap ýokarlanyp, noýabrda soňky 10 ýylyň dowamynda iň ýokary derejesine çykdy. Muňa esasan, galla we süýt önümleriniň bahalarynyň ýokarlanmagy sebäp boldy. Bu barada Birleşen Milletler Guramasynyň Azyk we oba hojalyk guramasy (FAO) geçen penşenbe güni habar berdi.

Esasy satyn alynýan azyk önümleriniň dünýä bahalarynyň aýlyk üýtgeşmelerini hasaba alýan FAO-nyň azyk önüm baha indeksi geçen aýda ortaça 134,4 bala ýetdi. Indeks oktýabr aýyndan 1,2% ýokarlanyp, 2020-nji ýylyň degişli döwri bilen deňeşdirilende 27,3% galdy.

Hasaplanan harytlaryň arasynda bahalary iň ýokary galan önümleriň hatarynda däne we süýt önümleri, şeýle hem şeker bardy. Et önümleriniň we ösümlik ýaglarynyň bahalary geçen aý bilen deňeşdirilende biraz düşdi.

Noýabr aýynda FAO-nyň galla önümleriniň bahasynyň indeksi geçen aý bilen deňeşdirilende 3,1% we geçen ýylyň degişli döwri bilen deňeşdirilende 23,2% ýokarlandy. Bugdaýyň bahasy 2011-nji ýylyň maý aýyndan bäri iň ýokary derejä ýetdi.

FAO bugdaýyň bahasynyň ýokarlanmagynyň Awstraliýadaky möwsümden daşary ýagan ýagyşlaryň ýetirip biljek zyýany we Russiýada eksport çärelerine girizilip bilinjek üýtgeşmeleriň netijesidigini aýtdy.

Süýt önümleriniň bahasynyň indeksi geçen aý bilen deňeşdirilende 3,4% ýokarlandy.

FAO dünýäde mesgä we gury süýde bolan talap ýokary boldy diýip, bu ýagdaýa olaryň üpjünçiliginiň peselmek ähtimallygy netijesinde alyjylaryň uly tapgyrda sargyt etmeginiň sebäp bolandygyny belledi.

Noýabr aýynda dünýädäki şekeriň bahasy 1,4% ýokarlandy we geçen ýylyň degişli döwri bilen deňeşdirilende 40% töweregi artdy diýip, FAO “ýokarlanmanyň esasan etanolyň bahasy bilen baglanyşyklydygyny” aýtdy.

Hasylda ýüze çykaýan çylşyrymly ýagdaýlar we azyk önümlerine bolan ýokary isleg sebäpli soňky ýylda olaryň dünýäde bahalary has ýokarlandy.

Täzelikleriňizi ýollaň
Ugratmak
2022