“Türkmengaz” döwlet konserni ýurdumyzyň Lebap welaýatyndaky “Agarguýy” tebigy gaz ýatagyny işe girizdi.
Ýaňy-ýakynda ýatakda iki gözleg guýusynyň işlerinde uglewodorod serişdeleriniň senagat akymy alyndy. Bu barada Türkmenistanyň nebit-gaz pudagynyň elektron gazeti çarşenbe güni habar berdi.
Habarda bellenilişi ýaly, bu uly göwrümli işler “Türkmenistanyň nebitgaz senagatyny ösdürmegiň 2030-njy ýyla çenli döwür üçin Maksatnamasynyň” çäklerinde amala aşyryldy.
Ýatak “Malaý” gaz käniniň golaýynda ýerleşýär. Häzirki wagtda “Agarguýy” ýatagyndan Türkmenistan-Hytaý gaz geçirijisine her gün 300 müň kubmetrden gowrak tebigy gaz iberilýär.
“Agarguýy” ýatagynda häzirki wagtda 3,3 müň metr çuňlugy bolan başga bir guýynyň burawlaýyş işleri hem alnyp barylýar. Burawlaýyş işleriniň şu ýylyň ahyryna çenli tamamlanmagy meýilleşdirilýär.