Russiýada bugdaýyň bir tonnasy üçin eksport pajy $91 bolar

BIZNES TÜRKMENISTAN
Russiýada bugdaýyň bir tonnasy üçin eksport pajy $91 bolar
Mundan ozal bugdaýyň bir tonnasy üçin eksport pajy 84,9 ABŞ dollaryna deňdi.

Russiýada 2021-nji ýylyň 15-nji dekabryndan başlap bugdaýyň bir tonnasy üçin eksport pajy 91 ABŞ dollaryna barabar bolar. Bu barada Russiýanyň Oba-hojalygy ministrliginiň maglumatlaryna salgylanyp, “Interfaks” agentligi anna güni habar berdi. Mundan ozal bugdaýyň bir tonnasy üçin eksport pajy 84,9 ABŞ dollaryna deňdi.

Habarda bellenilişi ýaly, arpanyň bir tonnasy üçin eksport pajynyň bahasy 75,1 ABŞ dollaryndan 78,7 ABŞ dollaryna galar. Mekgejöweniň bir tonnasy üçin eksport pajynyň bahasy 54,4 ABŞ dollaryna çenli ýokarlanar. Täze paçlar 21-nji dekabra çenli dowam eder.

Eksport paçlary bugdaýyň, arpanyň, mekgejöweniň görkeziji bahalaryna esaslanyp hasaplanylýar. Şeýlelikde, bugdaýyň bir tonnasynyň bahasy - 330,1 ABŞ dollaryna (öňki salgyt bahasy 321,3 ABŞ dollary), arpanyň bahasy - 297,5 ABŞ dollaryna (öňki salgyt bahasy 292,1 ABŞ dollary) we mekgejöweniňki - 262,8 ABŞ dollaryna (öňki bahasy 262,7 ABŞ dollary) deň boldy.

Russiýada 2-nji iýundan bäri bugdaýyň, mekgejöweniň we arpanyň eksporty üçin formula esasly kesgitlenýän eksport paç mehanizmi hereket edýär. Russiýanyň hökümeti eksport paçlaryndan ýygnalan serişdeleri oba-hojalyk öndürijilerine ýardam bermek üçin ulanýar. Paçlaryň nyrhlary Moskwanyň biržasynda hasaba alnan eksport şertnamalaryna esaslanýan baha görkezijilerine görä her hepde hasaplanýar.

Russiýanyň Oba hojalygy ministrliginiň çaklamasyna görä, häzirki hasyl möwsüminde (2021-nji ýylyň iýul aýyndan 2022-nji ýylyň iýun aýynyň ahyryna çenli) galla önümleriniň eksporty 45-48 million tonna barabar bolar. 2021-nji ýylyň 30-njy iýunynda tamamlanan geçen hasyl möwsüminde Russiýa 49 million tonna barabar bolan galla önümlerini, şol sanda 38,4 million tonna deň bolan bugdaýy eksport etdi.

Täzelikleriňizi ýollaň
Ugratmak
2022