Türkmen Liderine Türki döwletleriň sammitine goşan goşandy üçin hoşallyk bildirildi

BIZNES TÜRKMENISTAN
Türkmen Liderine Türki döwletleriň sammitine goşan goşandy üçin hoşallyk bildirildi
Türki Döwletleriň Gurmasynyň Baş sekretary Bagdad Amreýew (Surat: AA)

Şu ýylyň 12-nji noýabrynda Stambul şäherinde guralan Türki Döwletleriň Guramasynyň 8-nji sammitiniň üstünlikli geçirilmegine uly goşant goşandygy üçin Türki Döwletleriň Gurmasynyň Baş sekretary Bagdad Amreýew hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowa çuňňur hoşallyk bildirdi. Bu barada Türkmenistanyň resmi metbugaty anna güni habar berdi.

“Türkmenistanyň bu sammite gatnaşmagy onuň keşbine täzeçillik çaýdy hem-de Türki Döwletleriň Guramasyna Türkmenistanyň goşulmagy baradaky öňdengörüjilikli çözgüdiňiz, hakykatdan-da, Siziň ýurduňyz bilen türki döwletleriň arasyndaky hyzmatdaşlygyň hil taýdan ýokary tapgyrynyň başlanýandygyny alamatlandyrdy” diýip, Amreýew Milli Liderimize ugradan hatynda aýtdy.

B.Amreýewiň aýdyşy ýaly, Türkmenistan ygtybarly hem-de jogapkärli hyzmatdaş hökmünde “Türki dünýä garaýyş — 2040” resminamasynda berkidilen geljekki maksatlary we wezipeleri üstünlikli durmuşa geçirmäge möhüm goşant goşup biler.

“Şunuň bilen baglylykda, Sekretariatyň söwda gatnaşyklaryny ýönekeýleşdirmek boýunça täze ylalaşyklaryň, ähli sebit ulag geçelgelerini herekete getirmek üçin erkin söwda hakynda köptaraplaýyn ylalaşygy baglaşmagyň, strategik energetika hyzmatdaşlygyny kemala getirmegiň, Beýik Ýüpek ýolunyň ugurlary boýunça syýahatçylyk ýollaryny giňeltmegiň, täze portlary döretmegiň, Maýa goýum gaznasynyň netijeli işini üpjün etmegiň üstünde işleýändigine Siziň Alyhezretiňizi ynandyrýaryn” diýip, Amreýew hatynda belledi.

Türkmenistan bilen gatnaşyklaryň pugtalandyrylmagynyň türki dünýäsiniň has-da ösdürilmegine we berkidilmegine uly goşant goşjakdygyna Bagdad Amreýew hatynyň ahyrynda ynam bildirýär.

Türki Döwletleriň Guramasynyň 8-nji sammitiniň jemi boýunça Stambul jarnamasyny kabul edildi we resminamalaryň birnäçesine gol çekildi. Mundan başga-da, “2040-njy ýyla çenli Türki dünýäsiniň Konsepsiýasy” tassyklanyldy, Türkmenistanyň Gurama synçy-döwlet hökmünde kabul edilmegi baradaky çözgüt kabul edildi we hyzmatdaş-ýurtlaryň hem-de synçy-döwletleriň derejeleri kesgitlenildi.

2022