“Täç hil” kompaniýasy köpürjikli sabynyň önümçiligini ýola goýdy

BIZNES TÜRKMENISTAN
“Täç hil” kompaniýasy köpürjikli sabynyň önümçiligini ýola goýdy
Täze önüm beýleki sabynlardan ýakymly atyr ysy, taýýar köpürjigi we ýokary hili bilen tapawutlanýar.

Ahal welaýatynyň Ak Bugdaý etrabynda ýerleşýän “Täç hil” hususy kärhanasy “Anbar” haryt nyşanly atyr ysly köpürjikli sabynyň önümçiligini ýola goýdy.

“Rysgal” gazetiniň sişenbe güni habar berşi ýaly, täze önüm beýleki sabynlardan ýakymly atyr ysy, taýýar köpürjigi we ýokary hili bilen tapawutlanýar. Türkiýäniň, Germaniýanyň enjamlary bilen enjamlaşdyrylan kärhanada köpürjikli sabyn 400 millilitrlik gaplara gaplanylýar we olaryň günde 14-16 müň sanysy öndürilýär.

Habarda bellenilişi ýaly, sabynlaryň üç görnüşi, ýaşyl, gyzyl, mawy reňki bolup, olaryň hersiniň özboluşly atyr ysy bardyr. Önümleriň täze tapgyry ýurdumyzyň söwda nokatlarynyň we onlaýn söwdanyň üsti bilen müşderilere ýetiriler.

2006-njy ýylda esaslandyrylan “Täç hil” hususy kärhanasynda ilkibaşda polietilen torbalar we çygly süpürgiçler öndürilip başlandy.

Kompaniýada ýokarda agzalan önümlerden başga-da, saç ýuwujy, geýim ýuwujy, ýumşadyjy, agardyjy, gap-gaç ýuwujy, suwuklandyrylan sabyn ýaly arassaçylyk serişdeleriniň birnäçe görnüşleri öndürilýär. Şeýle-de kärhana öz öndürýän önümlerini goňşy döwletlere eksport edýär.

“Täç hil” kompaniýasy geljekde çygly süpürgiçleriň täze görnüşlerini öndürip, halka ýetirmegi maksat edinýär.

2022