Maýa goýumlar hakynda düşünje

BIZNES TÜRKMENISTAN
Maýa goýumlar hakynda düşünje
Esasy gaznalary artdyryp, täzeläp durmakda maýa goýumlar düýpli maýa goýumlary görnüşinde amala aşyrylyp bilner.

Telekeçilik işiniň hem-de başga görnüşdäki işleriň obýektlerine goýum edilip goýulýan, şonuň netijesinde hem peýda (girdeji) alynýan ýa-da durmuş netije gazanylýan emläk we intellektual (ruhy) gymmatlyklaryň hemme görnüşi maýa goýumlar diýlip hasaplanylýar.

Şeýle gymmatlyklara aşakdakylar degişlidir:

  • pul serişdeleri, belli maksat üçin niýetlenen bank goýumlary, paýlar, paýnamalar we beýleki gymmatly kagyzlar;
  • gozgalýan we gozgalmaýan emläk (jaýlar, desgalar, enjamlar hem-de beýleki maddy gymmatlyklar);
  • awtorlyk hukugyndan gelip çykýan emläk hukugy, “nou-hau” tejribesi (guramaçylyk, ylmy-tehniki, tehnologiki, täjirçilik bilimleri) hem-de beýleki intellektual gymmatlyklar;
  • ýerden hem-de beýleki tebigy baýlyklardan peýdalanmak hukugy, şeýle hem beýleki emläk hukuklary;
  • beýleki gymmatlyklar.

Esasy gaznalary artdyryp, täzeläp durmakda maýa goýumlar düýpli maýa goýumlary görnüşinde amala aşyrylyp bilner. 

Maýa goýum işi 

- Maýa goýum işi diýlende döwletiň, fiziki we ýuridiki taraplaryň maýa goýumlary durmuşa geçirmek barada edýän praktiki hereketleriniň tutuş jemine düşünilýär.

- Maýa goýum işi şu aşakdakylar esasynda amala aşyrylýar:

  • eýeçiligiň haýsy görnüşine degişlidigine garamazdan, fiziki taraplaryň, hojalyk assosiasiýalarynyň, jemgyýetleriň we şereketleriň, şeýle hem jemgyýetçilik we dini guramalaryň, gaýry ýuridik taraplaryň amala aşyrýan maýa goýmak işi esasynda;
  • Türkmenistanyň häkimiýet we dolandyryş edaralary, ýerli döwlet häkimiýet edaralary tarapyndan býujet serişdeleriniň, býujete degişli däl gaznalaryň hem-de karz serişdeleriň hasabyna, şeýle hem döwlet kärhanalary we edaralary tarapyndan öz serişdeleriniň hem-de karz serişdeleriň hasabyna döwletiň amala aşyrýan inwestirleme işi esasynda;
  • daşary ýurt döwletleriniň, ýuridiki we fiziki taraplaryň şeýle hem raýatlygy bolmadyk adamlaryň amala aşyrýan maýa goýmak işi esasynda;
  • Türkmenistanyň we daşary ýurt döwletleriniň, ýuridiki hem-de fiziki taraplaryň, şeýle hem raýatlygy bolmadyk adamlaryň bileleşikli amala aşyrýan maýa goýmak işi esasynda.

Maýa goýum işiniň obýektleri 

Maýa goýum işiniň obýektlerine hojalyk işiniň ähli pudaklarynda we ugurlarynda täzeden döredilýän hem-de döwrebaplaşdyrylýan (täzelenýän) esasy gaznalar we dolanyşyk serişdeleri, gymmatly kagyzlar, belli maksada niýetlenen pul goýumlary, ylmy-tehniki önümler, intellektual gymmatlyklar, beýleki eýeçilik obýektleri, şeýle hem emläk hukuklary girýär.

Eger döredilýän we ulanylýan obýektler ýer titremesine (seýsmiki taýdan) çydamlylygy, ýangyn partlama howpsuzlygy baradaky kadalara, sanitariýa-gigiýena, ekologiýa we şäher gurluşygy baradaky talaplara laýyk gelmeýän bolsa, raýatlaryň, ýuridik taraplaryň we döwletiň kanun arkaly goralýan hukuklaryna we bähbitlerine zyýan ýetirýän bolsa, şeýle obýektlere maýa goýmak gadagan edilýär.

Maýa goýum işiniň subýektleri

- Daşary ýurt döwletleriniň fiziki hem-de ýuridik taraplary, şeýle hem gös-göni şol döwletleriň özleri maýa goýum işiniň subýektleri (maýa goýujylary we oňa gatnaşýanlar) bolup bilerler.

- Hususy, karz alnan we çekilen emläk hem-de intellektual gymmatlyklary goýuma goýmak hakynda kararlary kabul edýän maýa goýum işiniň subýektleri ‒maýa goýujylar bolup durýarlar. Maýa goýujylar goýumçylar, algydarlar, satyn alyjylar hökmünde çykyş edip, şeýle hem maýa goýum işine gatnaşýan her bir subýektiň wezipesini ýerine ýetirip bilerler.

- Maýa goýumlaryň buýurmalary ýerine ýetirijiler hökmünde ýa-da maýa goýujyň tabşyrmagy esasynda amala aşyrylmagyny üpjün edýän Türkmenistanyň we beýleki döwletleriň fiziki we ýuridik taraplary maýa goýum işine gatnaşýanlar hasaplanýar.

Çeşme: “Türkmenistanda maýa goýum işi hakynda” Türkmenistanyň Kanuny

Täzelikleriňizi ýollaň
Ugratmak
2022