“Lebapgazçykaryş” 11 milliard kubmetrden gowrak tebigy gaz öndürdi

BIZNES TÜRKMENISTAN
“Lebapgazçykaryş” 11 milliard kubmetrden gowrak tebigy gaz öndürdi
Hasabat döwründe müdirlik tarapyndan gaz kondensatynyň 42 müň 566 tonnasy öndürilidi.

“Türkmengaz” döwlet konserniniň “Lebapgazçykaryş” müdirligi tarapyndan şu ýylyň geçen 11 aýynda “mawy ýangyjyň” 11 milliard 293,5 müň kubmetri gazylyp alyndy.

Türkmenistanyň resmi metbugatynyň sişenbe güni habar berşi ýaly, şeýle-de hasabat döwründe müdirlik tarapyndan gaz kondensatynyň 42 müň 566 tonnasy öndürilip, bu baradaky meýilnama doly ýerine ýetirildi.

Ýatladyp geçsek, “Türkmengaz” döwlet konserni şu ýylyň dekabr aýynda ýurdumyzyň Lebap welaýatyndaky “Agarguýy” tebigy gaz ýatagyny işe girizipdi. Ýaňy-ýakynda ýatakda iki gözleg guýusynyň işlerinde uglewodorod serişdeleriniň senagat akymy alynypdy.

Ýatak “Malaý” gaz käniniň golaýynda ýerleşýär. Häzirki wagtda “Agarguýy” ýatagyndan Türkmenistan-Hytaý gaz geçirijisine her gün 300 müň kubmetrden gowrak tebigy gaz iberilýär.

“Agarguýy” ýatagynda häzirki wagtda 3,3 müň metr çuňlugy bolan başga bir guýynyň burawlaýyş işleri hem alnyp barylýar. Burawlaýyş işleriniň şu ýylyň ahyryna çenli tamamlanmagy meýilleşdirilýär.

Täzelikleriňizi ýollaň
Ugratmak
2022