“Degre” kompaniýasy syrça boýaglarynyň önümçiligini ýola goýdy

BIZNES TÜRKMENISTAN
“Degre” kompaniýasy syrça boýaglarynyň önümçiligini ýola goýdy
Kärhanada öndürilýän boýaglar Aşgabadyň hem-de ýurdumyzyň welaýatlarynyň söwda nokatlarynda müşderilere ýetirilýär.

Mary welaýatynda ýerleşýän “Degre” hojalyk jemgyýeti “Mabo” hem-de “Gutun” haryt nyşanly agaç we demir önümlerini reňklemek üçin syrça (emal) boýaglarynyň önümçiligine başlady.

Bu ýerde öndürilýän boýaglar “Dere”, “Mabo”, “Gutun” haryt nyşanlary bilen Aşgabadyň hem-de ýurdumyzyň welaýatlarynyň söwda nokatlarynda müşderilere ýetirilýär. Bulardan başga-da, kärhana reňk berijileriň (koller) 26 görnüşiniň önümçiligini alyp barýar.

“Degre” kärhanasynyň resmi saýtynda bellenilşi ýaly, häzirki wagtda kompaniýada gurluşykda binalaryň bezeginde ulanylýan suwly-disperision boýaglaryň, ýagny potolok, içki we daşky diwar, südürli hem-de düşekleme boýaglarynyň dürli görnüşleri öndürilýär. Kompaniýanyň kuwwaty ýylda 1000 tonna golaý boýag öndürmäge mümkinçilik berýär.

“Degre” hojalyk jemgyýeti 2011-nji ýylda esaslandyryldy. Kompaniýa geljekde önümçiliginiň möçberini we görnüşini artdyrmagy hem-de halkara bazara çykmagy maksat edinýär.

2022