Türkmenistanyň döwlet banky täze maýa goýum kompaniýasynyň paýly esaslandyryjysy bolar

BIZNES TÜRKMENISTAN
Türkmenistanyň döwlet banky täze maýa goýum kompaniýasynyň paýly esaslandyryjysy bolar
Türkmenistanyň Döwlet daşary ykdysady iş banky

“Türkmen maýa goýum kompaniýasy” ýapyk görnüşli paýdarlar jemgyýetini (ÝGPJ) esaslandyryjy hökmünde Türkmenistanyň Döwlet daşary ykdysady iş bankyna – esaslyk maýadaky paýy 50% möçberde paýly gatnaşmaga ygtyýar berildi. Bu baradaky Karara Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedow anna güni sanly ulgam arkaly geçirilen Ministrler Kabinetiniň mejlisiniň dowamynda gol çekdi.

Bu kararyň taslamasyny mejlisiň dowamynda Türkmenistanyň ykdysadyýet we maliýe toplumyna gözegçilik edýän wise-premýer Serdar Berdimuhamedow hormatly Prezidentimiziň garamagyna hödürledi.

Täze maýa goýum kompaniýasy şu ýylyň 9-njy oktýabrynda ýurdumyzyň wekiliýetiniň Birleşen Arap Emirliklerine bolan iş saparynyň çäklerinde Türkmenistanyň Döwlet daşary ykdysady iş banky bilen Abu-Dabiniň Ösüş gaznasynyň arasynda gol çekilen Ylalaşyk esasynda dörediler.

Täze kompaniýanyň öz üstüne ýüklenen borçnamalaryny ýerine ýetirmegi üçin Türkmenistanyň Merkezi banky tarapyndan degişli ygtyýarnamanyň kanunçylykda bellenen tertipde berilmegi meýilleşdirilýär.

Döwlet Baştutanymyz “Türkmen maýa goýum kompaniýasy” ÝGPJ-niň öňünde durýan möhüm wezipelere ünsi çekip, milli we sebit ähmiýetli täze taslamalary durmuşa geçirmek üçin daşary ýurtlaryň iri işewür düzümleriniň hem-de abraýly halkara maliýe edaralarynyň maýa serişdelerini çekmegiň wajypdygyny belledi.

Milli Liderimiz wise-premýere maýa goýum serişdeleriniň möçberlerini artdyrmak we netijeli özleşdirilişini üpjün etmek bilen baglanyşykly meseleleri hemişe üns merkezinde saklamagy tabşyrdy. Şunuň bilen birlikde, maýa serişdelerini maksadalaýyk ulanmak, daşary ýurt maýalaryny çekmek we olaryň ygtybarly goragyny üpjün etmek maksady bilen, degişli kadalaşdyryş binýadyny kämilleşdirmek babatda anyk görkezmeler berildi.

2022