SNGIZ 464,5 müň tonnadan gowrak nebiti gaýtadan işledi

BIZNES TÜRKMENISTAN
SNGIZ 464,5 müň tonnadan gowrak nebiti gaýtadan işledi
Zawod 31,7 müň tonnadan gowrak ýol bitumyny, şeýle-de başga nebit önümlerini öndürdi.

Türkmenistanyň Lebap welaýatynda ýerleşýän Seýdiniň nebiti gaýtadan işleýän zawody (SNGIZ) geçen on bir aýyň dowamynda 464,5 müň tonnadan gowrak nebiti gaýtadan işledi.

Gaýtadan işlenilmegiň netijesinde, zawod 202,7 müň tonna benzin, 123,4 müň tonna dizel ýangyjyny, 22,5 müň tonna mazudy, 31,7 müň tonnadan gowrak ýol bitumyny, şeýle-de başga nebit önümlerini öndürdi. Bu barada Türkmenistanyň nebit-gaz pudagynyň elektron gazeti çarşenbe güni habar berdi.

Zawod degişli döwürde önümleriniň köpüsini eksport etdi. Şu ýyl Russiýa, Özbegistan we Täjigistan nebiti gaýtadan işleýän zawodyň dizel ýangyjyny import etdi. Şol bir wagtyň özünde, zawodyň agyr wakuum gazoýlyny Ýewropa ýurtlaryna eksport edildi.

Geçen ýylyň 11 aýynda Seýdiniň nebiti gaýtadan işleýän zawodynda takmynan 441,2 müň tonna nebit gaýtadan işlenilipdi.

2022