Yslam ösüş bankynyň (IDB) Söwdany maliýeleşdirmek boýunça Yslam Korporasiýasy (ITFC) çarşenbe güni Türkmenistanyň hökümeti bilen 150 million ABŞ dollarlyk Çarçuwaly ylalaşyga gol çekdi.
ITFC-niň baş ýerine ýetiriji direktory Hani Salem Sonbol we Türkmenistanyň Döwlet daşary ykdysady iş bankynyň başlygy Rahymberdi Jepbarow sanly ulgam arkaly 3 ýyllyk ylalaşyga gol çekdiler. Bu barada ITFC-niň metbugat beýanatynda habar berildi.
Bu ylalaşyk 2021-nji ýylyň sentýabr aýynda Türkmenistanyň Yslam ösüş bankynyň Söwdany maliýeleşdirmek boýunça Yslam Korporasiýasyna agza bolmagy hakyndaky arzasynyň tassyklanmagy esasynda amala aşyryldy.
ITFC bu ylalaşygyň möhüm harytlary import etmekde we Türkmenistanyň oba hojalygyna hem-de dokma pudagyna goldaw bermekde söwdany maliýeleşdirmek babatynda ikitaraplaýyn hyzmatdaşlygy öz içine alýandygyny aýtdy.
Şeýle-de ylalaşyk Türkmenistanyň hususy pudagyny, esasanam kiçi we orta kärhanalary maliýeleşdirmegiň üpjün edilmegine gönükdirilendir.
Biz ITFC-ne agza bolmaklyga içeri we daşary sebitara söwda işjeňligini ýokarlandyrmakda hem-de hususy pudagymyzyň has çalt depginde ösmegi ugrunda mümkinçilik döretmekde netijeli platforma hökmünde garaýarys diýip, Rahymberdi Jepbarow gol çekişlik dabarasynda aýtdy.
Saud Arabystanyň Jidde şäherinde ýerleşýän Halkara söwdany maliýeleşdirmek boýunça Yslam Korporasiýasy 2008-nji ýylda döredilip, ol Yslam Ösüş Bankynyň toparyna degişli bolan özbaşdak guramadyr. Bu gurama Yslam dünýäsiniň ýurtlarynyň ilatynyň ykdysady şertlerini we girdejilerini gowulandyrmak maksady bilen söwdany ösdürmek üçin döredildi.