"Kerwenler” kompaniýasy ýüň önümlerini GDA ýurtlaryna eksport edýär

BIZNES TÜRKMENISTAN
"Kerwenler” kompaniýasy ýüň önümlerini GDA ýurtlaryna eksport edýär
Kompaniýanyň fabriginde aýda 13 tonna golaý ýüň ýüplük öndürilýär.

Ahal welaýatynyň Ak bugdaý etrabynyň senagat zolagynda ýerleşýän “Kerwenler” hususy kärhanasynyň ýüň egirme fabriginde öndürilen önümler Russiýa, Gazagystana, Özbegistana hem-de Gyrgyzystana eksport edilýär. Bu barada “Rysgal” gazeti duşenbe güni habar berdi.

Habarda bellenilişi ýaly, kärhana ýüň egirme we dokma bölümlerinden ybaratdyr. Ýüň egirme bölüminde sap ýüňden ýokary hilli çitimli türkmen halysyny öndürmek işleri alnyp barylýar. Häzirki wagtda bu bölümde aýda 13 tonna golaý ýüň ýüplük öndürilýär.

Şeýle-de kärhanada öndürilýän ýüň ýorganynyň täze görnüşiniň önümçiligi ýola goýuldy.

Ýüň egirme bölüminde ýokary hilli dürli belgili goýun ýüňünden ýüň ýüplükler we poliester garyndyly ýüň ýüplükler öndürilýär. Kärhananyň dokma bölüminde bolsa dürli ölçegdäki kilim we örtgi (pokrywal) önümleri, ýüňden we ýarym ýüňden ýorganlary we beýleki dürli görnüşdäki ýokary hilli ýüň ýorganlary öndürilýär.

Kärhanada ýüň ýorganlaryň aýda 10 müň sanysyny öndürmäge mümkinçilik bar.

Häzirki wagtda kärhananyň önümleri Aşgabat şäherindäki we ýurdumyzyň ähli welaýatlaryndaky söwda merkezlerine iberilýär. Kompaniýa geljekde önümleriniň görnüşlerini has-da artdyrmagy meýilleşdirýär.