Bäherden Galla önümleri kärhanasy 14,6 million manatlyk önüm öndürdi

BIZNES TÜRKMENISTAN
Bäherden Galla önümleri kärhanasy 14,6 million manatlyk önüm öndürdi
2021-nji ýylda kärhanada ýokary hilli un, çörek we çörek önümleri öndürildi.

Bäherden etrabynyň Galla önümleri kärhanasynda 2021-nji ýylyň ýanwar-noýabr aýlarynda öndürilen önümleriň pul hasabyndaky görkezijisi 14 million 614 müň 552 manada barabar boldy. Bu barada Türkmenistanyň resmi metbugaty duşenbe güni habar berdi.

Habarda bellenilişi ýaly,  2021-nji ýylda kärhanada ýokary hilli un, çörek we çörek önümleri öndürildi.

Geçen ýylyň degişli döwri bilen deňeşdirilende 129,2% ösüş depgini üpjün edildi.

Şeýle-de kärhanada geçen döwürde ýarmanyň hem ýüzlerçe tonnasy öndürildi.

Bäherden etrabynda ýerleşýän bu kärhananyň öndürýän un, çörek we çörek önümleri etrabyň ilatyna gündelik ýetirilip durulýar. Bu ýerde işleriň bökdençsiz alnyp barylmagy artýan islegleri kanagatlandyrmaga ýardam berýär.

Täzelikleriňizi ýollaň
Ugratmak
2022