Halajyň nah-ýüplük egriji fabriginde 5 müň tonna golaý önüm öndürildi

BIZNES TÜRKMENISTAN
Halajyň nah-ýüplük egriji fabriginde 5 müň tonna golaý önüm öndürildi
Fabrikde öndürilýän nah ýüplük Eýran, Ermenistan, Polşa, Russiýa, Türkiýe ýaly döwletlere eksport edilýär.

Halajyň nah-ýüplük egriji fabriginde şu ýylyň başyndan bäri nah ýüplügiň 4 müň 900 tonnadan gowragy öndürilip, içerki we daşarky bazarlara ýerlenildi. Bu barada Türkmenistanyň resmi metbugaty duşenbe güni habar berdi.

Habarda bellenilişi ýaly, fabrikde öndürilýän nah ýüplük Eýran, Ermenistan, Polşa, Russiýa, Türkiýe ýaly döwletlere eksport edilýär. Şeýle-de geçen 2021-nji ýylda fabrik boýunça meýilleşdirileninden 1,5 esse köp nah ýüplük öndürildi.

Içerki we daşarky bazarlara ýerlemegiň hasabyna 50 million manatdan gowrak girdeji alyndy. Şu ýyl öndürilen önüm geçen ýylyň degişli döwri bilen deňeşdirilende 700 tonna golaý köpdür.

Garaşsyzlyk ýyllarynda Türkmenistanda fabrikleriň täzelerini gurmaga we ozal hereket edýänleriniň durkuny täzelemäge ABŞ-nyň 2 milliard dollaryna golaý pul maýa goýuldy. Otuzdan gowrak maýa goýum taslamalary amala aşyrylyp, şolaryň netijesinde, öňdebaryjy enjamlar bilen üpjün edilen döwrebap kärhanalaryň onlarçasy ulanmaga berildi.

2022