“Eco gap” haryt nyşanly kagyz gap-gaç önümleri eksport edilýär

BIZNES TÜRKMENISTAN
“Eco gap” haryt nyşanly kagyz gap-gaç önümleri eksport edilýär
Köp görnüşliligi bilen tapawutlanýan önümleriň arasynda çaý we kofe üçin niýetlenen bir gezeklik kagyzdan bulgurlar bardyr.

Aşgabat şäherinde ýerleşýän “Peragat” hojalyk jemgyýetiniň “Eco gap” haryt nyşanly bir gezeklik ulanmak üçin niýetlenen kagyz gap-gaç önümleri daşary ýurtlara eksport edilýär. Bu barada “Rysgal” gazeti duşenbe güni habar berdi.

Habarda bellenilişi ýaly, köp görnüşliligi bilen tapawutlanýan önümleriň arasynda çaý, kofe, gyzgyn şokolad, gazlandyrylan suwlar, kokteýl üçin niýetlenen bir gezeklik kagyzdan bulgurlar, plastik çemçeler, gutular bardyr.

Türkiýäniň we Hytaýyň iň häzirki zaman tehnologiýalary bilen enjamlaşdyrylan kärhananyň ýyllyk kuwwaty 200 tonna barabardyr.

Kompaniýada önümçilik üçin gerekli bolan çig mal Türkmenbaşynyň nebiti gaýtadan işleýän zawodlar toplumyndan alynýar.

“Peragat” hojalyk jemgyýeti 2015-nji ýyldan bäri bir gezeklik ulanmak üçin niýetlenen kagyzdan gap-gaç önümleriniň hem-de azyk harytlaryny ýerleşdirmekde peýdalanylýan gaplaryň önümçiligini alyp barýar.

2022