“Berk üçek” kompaniýasy polimer kompozitden reňkleýjileriň önümçiligini ýola goýdy

BIZNES TÜRKMENISTAN
“Berk üçek” kompaniýasy polimer kompozitden reňkleýjileriň önümçiligini ýola goýdy
Polimer kompozitden reňkleýjiler plastik önümleri öndürilende goşulýan goşundy bolup, olar boýag hökmünde ulanylýar.

Mary welaýatynda ýerleşýän “Berk üçek” hojalyk jemgyýeti şu ýyl polimer kompozitden reňkleýjileriň (superkonsentratlar) önümçiligini ýola goýdy. Bu barada “Rysgal” gazeti duşenbe güni habar berdi.

Kompaniýa Hytaýyň tehnikalary bilen enjamlaşdyrylyp, onuň ýyllyk kuwwaty 2 müň 500 tonna boýag öndürmäge mümkinçilik berýär. Ol ýerde 26 sany hünärmen zähmet çekýär.

Kärhanada öndürilýän boýaglar “BUM” haryt nyşany bilen Türkiýe Respublikasyna hem-de Rumyniýa eksport edilýär.

Habarda bellenilişi ýaly, polimer kompozitden reňkleýjiler plastik önümleri öndürilende goşulýan goşundy bolup, olar boýag hökmünde ulanylýar. Bu önüme plastik önümçiligi bilen meşgullanýan önüm öndürijiler tarapyndan uly isleg bildirilýär.

Önüm öndürmek üçin gerek bolan çig malyň aglaba bölegi Gyýanlydaky polimer zawodyndan alynýar.

“Berk üçek” hojalyk jemgyýeti 2018-nji ýylda esaslandyrylyp, kompaniýa ilkibaşda gurluşyk serişdesi bolan şifer önümçiligini alyp barýardy. Geljekde kärhana eksport önümleriniň görnüşlerini köpeltmegi maksat edinýär.

2022