Türkmen Lideri “Galkynyş” gaz käniniň işleri bilen tanyşdy

BIZNES TÜRKMENISTAN
Türkmen Lideri “Galkynyş” gaz käniniň işleri bilen tanyşdy
“Galkynyş” gaz ýatagy Türkmenistan-Hytaý gaz geçirijisiniň çig mal çeşmelerinden biridir.

Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedow duşenbe güni Mary welaýatyna amala aşyran iş saparynyň çäklerinde tebigy gazyň ägirt uly gorlaryna eýe bolan iri “Galkynyş” gaz käniniň işleri bilen tanyşdy.

Türkmenistanyň resmi metbugatynyň habar berşi ýaly, Döwlet Baştutanymyz görkezilen çyzgylar, täze gaz känlerini özleşdirmek bilen baglanyşykly meseleleriň çözülişi bilen tanyşdy.

Ol ýerde “Türkmengaz” döwlet konserniniň tebigy gaz ylmy-barlag institutynyň direktory, uglewodorod serişdeleriniň baý gorlaryny öwrenmek, onuň gaýtadan işlenilýän möçberlerini artdyrmak boýunça häzirki zaman ylmynyň ösen tejribelerini özleşdirmek ugrunda alnyp barylýan işler barada hasabat berdi.

Şeýle hem, “Türkmengeologiýa” döwlet korporasiýasynyň ýolbaşçysy ýurdumyzyň dürli künjeklerinde alnyp barylýan geologiýa-gözleg işleri, bu ugurda ulanylýan ylmy tejribeleriň aýratynlyklary barada hasabat berdi.

Milli Liderimiz Gurbanguly Berdimuhamedow geljegi uly hasaplanylýan “Günorta Mary” meýdançasyna ünsi çekip, ýurdumyzyň dürli künjeklerinde bolşy ýaly, bu sebitde gaz guýularynyň buraw işlerine täzeçil usullar arkaly çemeleşilmelidir diýdi.

2009-njy ýylyň dekabrynda ulanylmaga berlen “Galkynyş” gaz ýatagy Türkmenistan-Hytaý gaz geçirijisiniň çig mal çeşmelerinden biridir.

Täzelikleriňizi ýollaň
Ugratmak
2022