Türkmen gazy Eýranyň üsti bilen Azerbaýjana ugradylyp başlandy

BIZNES TÜRKMENISTAN
Türkmen gazy Eýranyň üsti bilen Azerbaýjana ugradylyp başlandy
Ýylda 1,5-2 milliard kubmetre çenli türkmen gazynyň Eýranyň üsti bilen Azerbaýjana ugradylar. (Surat: “Tehran Times”)

Türkmenistan, Eýran we Azerbaýjan döwletleriniň arasynda gol çekilen üçtaraplaýyn gaz alyş-çalşygy boýunça şertnama 2022-nji ýylyň 1-nji ýanwaryndan güýje girdi. Bu barada Eýranyň ILNA maglumatlar agentligine salgylanyp, “TehranTimes” gazeti şenbe güni habar berdi.

Mälim bolşy ýaly, üçtaraplaýyn gaz alyş-çalşygy boýunça şertnama 2021-nji ýylyň 28-nji noýabrynda Aşgabatda geçirilen Ykdysady Hyzmatdaşlyk Guramasynyň  15-nji sammitiniň çäklerinde gol çekildi.

Resminama laýyklykda, ýylda 1,5-2 milliard kubmetre çenli türkmen gazynyň Eýranyň üsti bilen Azerbaýjana ugradylmagy ylalaşylypdy.

Bilermenler bu şertnamanyň durmuşa geçirilmegi sebitdäki beýleki döwletleri hem şuňa meňzeş ylalaşyklary baglaşmaga we Eýranyň mümkinçiliklerinden peýdalanmaga itergi berip biljekdigine ynanýarlar.

Ýatladyp geçsek, Eýranyň Nebit ministri Jawad Owji “Tasnim News Agency” agentligine geçen ýylyň ahyrynda beren beýanatynda Türkmenistandan gazyň alynýan ýerini we Azerbaýjana gazyň iberilýän ýeri göz öňünde tutulsa, sowuk möwsüminde Eýranyň demirgazyk sebitlerinde tebigy gaz üpjünçiligini durnuklaşdyrmak üçin bu mümkinçiligiň örän ähmiýetlidigini nygtapdy.

Eýranyň günortasynda esasy tebigy gaz ýataklary bardyr. Emma Eýran 1990-njy ýyllaryň ahyryndan başlap, demirgazyk welaýatlary üçin esasanam gyş wagtynda Türkmenistandan tebigy gaz import edip gelýär.

Eýranyň Milli gaz kompaniýasynyň öňki gaz üpjünçiligi üçin bergisi sebäpli 2017-nji ýylyň 1-nji ýanwarynda Türkmenistan Eýrana gaz eksportyny togtadypdy.