Türkmenistanyň Saglygy goraýyş we derman senagaty ministrliginiň düzümindäki Türkmenabat şäherindäki “Buýan” obasenagat toplumy 2021-nji ýylyň dowamynda arassalanyp baglanan buýan köküniň 2 müň 961 tonnasyny öndürdi.
Türkmenistanyň resmi metbugatynyň çarşenbe güni habar berşi ýaly, arassalanyp baglanan buýan kökünden gury ekstraktynyň, ýagny üwelen külke görnüşiniň 680 tonnasy, şeýle hem goýy ekstraktyň 610 tonnasy öndürildi. Ösüş depgini 2020-nji ýylyň degişli döwri bilen deňeşdirilende 118,7%-e barabar boldy.
Türkmenistanyň Döwlet haryt-çig mal biržasynda türkmen buýan köküne daşary ýurtly telekeçiler tarapyndan uly isleg bildirilýär.
Mälim bolşy ýaly, buýan köki ekologiýa taýdan arassa ýerli çig mal bolup, ol C witaminine we efir ýagyna baýdyr. Onuň süýjüligi şekeriňkiden 40% ýokarydyr. Ýurdumyzda buýan köküniň toşaby, süýri dänesi we melhem çaýlary öndürilýär.