Türkmen Lideri Lebap welaýatyna eden saparynyň jemleri boýunça maslahat geçirdi

BIZNES TÜRKMENISTAN
Türkmen Lideri Lebap welaýatyna eden saparynyň jemleri boýunça maslahat geçirdi
Iş maslahatynda ýurdumyzyň ýangyç-energetika toplumynyň düzümleriniň işini mundan beýläk-de kämilleşdirmek maslahatlaşyldy.

Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedow çarşenbe güni özüniň Lebap welaýatyna amala aşyran saparynyň jemlerine bagyşlanan iş maslahatyny geçirdi.

Iş maslahatynda ýurdumyzyň ýangyç-energetika toplumynyň düzümleriniň işini mundan beýläk-de kämilleşdirmek, pudaga häzirki zaman ylmynyň gazananlaryny ornaşdyrmak we bu ugurda halkara hyzmatdaşlygy ösdürmek bilen bagly meseleler ara alnyp maslahatlaşyldy.

Maslahata Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary Şahym Abdrahmanow, ýangyç-energetika toplumynyň ýolbaşçylarydyr hünärmenleri, Hytaýyň Milli nebitgaz korporasiýasynyň (CNPC) Türkmenistandaky şahamçasynyň baş direktory Çen Huaýlun hem-de Lebap welaýatynyň häkimi gatnaşdylar.

“Türkmengeologiýa” döwlet korporasiýasynyň ýolbaşçysy Merdan Rozyýew “Malaý” we “Naýyp” gaz känlerine ýanaşyk ýerlerde geçirilen geofiziki işleriň geçirilmegi netijesinde täze gorlaryň tapylandygy we ol ýerlerde gözleg hem-de barlag guýularyny gazmagyň meýilleşdirilýändigi barada hasabat berdi.

“Türkmengaz” döwlet konserniniň ýolbaşçysy Batyr Amanow konserne degişli Bagaja tebigy gazy gaýtadan işleýän zawodyny doly kuwwatlygynda işletmek barada hasabat berdi. Gaz kondensatynyň, suwuklandyrylan gazyň möçberiniň artdyrylmagy, şeýle hem tebigy gazyň bir gije-gündizde 2 million kubmetr goşmaça möçberini çykarmak meýilleşdirilýär.

Wise-premýer Şahym Abdrahmanow ýakyn geljek ýyllarda Mary we Lebap welaýatlarynda tebigy gazyň goşmaça möçberlerini çykarmak barada hasabat berdi.

Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow hasabaty diňläp, nebitgaz pudagyny ösdürmegiň, şol sanda gazylyp alynýan tebigy çig mal önümleriniň möçberini hem-de nebiti we gazy gaýtadan işlemek arkaly öndürilýän önümleriň görnüşleriniň mukdaryny artdyrmagyň hasabyna ösdürmegiň möhüm wezipeleriň biridigini nygtady hem-de bu babatda birnäçe tabşyryklary berdi.

Türkmenistan 2021-nji ýylda Hytaýa 34 milliard kubmetre ýakyn tebigy gaz eksport etdi.

2022