“Malaý” ýatagy 247 milliard kubmetrden gowrak tebigy gaz çykardy

BIZNES TÜRKMENISTAN
“Malaý” ýatagy 247 milliard kubmetrden gowrak tebigy gaz çykardy
Türkmenistan 2021-nji ýylda Hytaýa 34 milliard kubmetre golaý tebigy gaz eksport etdi.

Lebap welaýatyndaky “Malaý” ýatagynyň 1986-njy ýylda ulanyşa berlenden bäri 247 milliard kubmetrden gowrak tebigy gaz çykaryldy. Bu barada Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedow çarşenbe güni özüniň Lebap welaýatyna amala aşyran saparynyň jemlerine bagyşlanan iş maslahatynda belledi.

Iş maslahatynda ýurdumyzyň ýangyç-energetika toplumynyň düzümleriniň işini mundan beýläk-de kämilleşdirmek, pudaga häzirki zaman ylmynyň gazananlaryny ornaşdyrmak we bu ugurda halkara hyzmatdaşlygy ösdürmek bilen bagly meseleler ara alnyp maslahatlaşyldy.

Maslahata Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary Şahym Abdrahmanow, ýangyç-energetika toplumynyň ýolbaşçylarydyr hünärmenleri, Hytaýyň Milli nebitgaz korporasiýasynyň (CNPC) Türkmenistandaky şahamçasynyň baş direktory Çen Huaýlun hem-de Lebap welaýatynyň häkimi gatnaşdylar.

Maslahatyň dowamynda Döwlet Baştutanymyz geçen ýyl ulanylmaga berlen “Malaý” gaz gysyjy desgasyna ünsi çekip, “Asyryň iri taslamasy” diýlip atlandyrylan bu desganyň uzynlygy 188 kilometr bolan Malaý-Bagtyýarlyk turba geçirijisi arkaly türkmen tebigy gazyny Türkmenistan-Hytaý transmilli gaz geçirijisine bermekde möhüm ähmiýetini belledi.

“Malaý” ýatagyndan tebigy gazyň 1986-njy ýyldan bäri alynýandygyny belläp, Döwlet Baştutanymyz başlangyç gory 358 milliard 700 million kubmetr bolan bu känden häzirki döwre çenli 247 milliard kubmetrden gowrak tebigy gazyň çykarylandygyny aýtdy.

Häzirki wagtda bu ýerden gaz çykarmagy dowam etmek, onuň çägini giňeltmek, şeýle hem özleşdirilýän gatlakdan aşaky gatlaklaryň gaz gorlaryny anyklamak we ýüze çykarmak möhüm wezipeleriň biridir diýip, Milli Liderimiz aýtdy.

Hormatly Prezidentimiz diňe “Malaý” ýatagyny däl-de, beýleki gaz ýataklaryny hem düýpli özleşdirmek işlerini çaltlandyrmalydygyny we bu ugurda ähli zerur şertleriň mundan beýläk-de dörediljekdigini nygtady.

Türkmenistan 2021-nji ýylda Hytaýa 34 milliard kubmetre golaý tebigy gaz eksport etdi.

2022