Türkmenistan Özbegistan bilen söwdany ösdürmek boýunça işleri alyp barýar

BIZNES TÜRKMENISTAN
Türkmenistan Özbegistan bilen söwdany ösdürmek boýunça işleri alyp barýar
Türkmen-özbek serhedindäki Farap gümrük nokady

Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary Çary Gylyjow anna güni sanly ulgam arkaly geçirilen Ministrler Kabinetiniň mejlisiniň barşynda Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedowa ýurdumyz bilen Özbegistanyň arasynda serhetýaka söwdany ýola goýmak boýunça geçirilýän işler barada hasabat berdi.

Wise-premýerň aýtmagyna görä, Türkmenistanyň Prezidentiniň Özbegistana resmi saparynyň dowamynda 2021-nji ýylyň 5-nji oktýabrynda gol çekilen serhetýaka söwda, özara söwda we maýa goýumlar baradaky Ylalaşygy durmuşa geçirmek maksady bilen, ýurdumyzyň Söwda we daşary ykdysady aragatnaşyklar ministrligi garamagyndaky düzümler bilen bilelikde bu ugurda degişli işleri alyp barýar.

Şol sanda serhetýaka söwda zolagynyň, ugurdaş desgalaryň meýdanyny we ýerleşjek ýeriniň çäklerini kesgitlemek, olary ýerleşdirmegiň çyzgylaryny işläp taýýarlamak, halkara hem-de sebit lomaý söwdasy, harytlaryň geçişi, gözegçiligi baradaky düzgünler hakyndaky Tertibiň taslamalaryny milli kanunçylygymyza laýyklykda işläp düzmek göz öňünde tutulýar.

Döwlet Baştutanymyz hasabaty diňläp, hyzmatdaşlygyň geljegi uly ugurlarynyň hatarynda Özbegistan bilen özara söwdanyň görnüşlerini giňeltmek hem-de diwersifikasiýa ýoly bilen ösdürmegiň wajypdygyny aýtdy.

Hormatly Prezidentimiz Özbegistan bilen hyzmatdaşlyga möhüm ähmiýet berilýändigini nygtap, iki döwletiň arasynda serhetýaka söwdasyny ýola goýmak baradaky teklibi makullady hem-de wise-premýere bellenen meýilnamalaryň ýerine ýetirilişini gözegçilikde saklamagy tabşyrdy.

2021-nji ýylyň ýanwar-noýabr aýlarynda Özbegistan bilen Türkmenistanyň arasyndaky söwda dolanyşygy 626 million 100 müň ABŞ dollaryna barabar boldy, bu bolsa geçen ýylyň degişli döwri bilen deňeşdirilende 34,5% ýokarydyr.

2022