Owji: Eýran türkmen gaz alyş-çalşygyny 10 esse ýokarlandyrmaga taýýar

BIZNES TÜRKMENISTAN
Owji: Eýran türkmen gaz alyş-çalşygyny 10 esse ýokarlandyrmaga taýýar
Eýranyň Nebit ministri Jawad Owjiniň Tähranda şenbe güni geçirilen Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň Orunbasarlary Serdar Berdimuhamedow hem-de Raşid Meredow bilen duşuşygy (Surat: “Shana”)

Eýranyň Nebit ministri Jawad Owji ýokary derejeli türkmen wekiliýeti bilen şenbe güni Tähranda geçirilen duşuşygyň barşynda Türkmenistan bilen gaz alyş-çalşygynyň möçberini 10 esse artdyryp boljakdygyny aýtdy. Bu barada Eýranyň “Press TV” teleýaýlymy habar berdi.

Türkmenistanyň wekiliýetine Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň Orunbasary Serdar Berdimuhamedow we Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň Orunbasary, Daşary işler ministri Raşid Meredow ýolbaşçylyk etdi.

Jawad Owji biz şu gün dostlukly we doganlyk ýurt bolan Türkmenistana gaz alyş-çalşygymyzy günde 40 million kubmetre ýa-da ýylda 10-15 milliard kubmetr çenli artdyryp biljekdigimizi mälim etdik diýip, Eýranyň ýerli habar beriş serişdelerine aýtdy.

Türkmenistan, Eýran we Azerbaýjan döwletleriniň arasynda gol çekilen üçtaraplaýyn gaz alyş-çalşygy boýunça şertnama 2022-nji ýylyň 1-nji ýanwaryndan güýje girdi. Onuň çäginde günde 4 million kubmetre çenli tebigy gaz Eýranyň üsti bilen Azerbaýjana ugradylýar. Bu üçtaraplaýyn ylalaşyga geçen ýylyň noýabr aýynda gol çekilipdi.

Türkmen wekiliýeti iki günlük Tährana amala aşyran saparynyň dowamynda Eýranyň Prezidenti Seýed Ibragim Raisi we Eýranyň ýokary derejeli hökümet işgärleri bilen hem gepleşik geçirdi.