Türkmenistan bilen Eýranyň arasyndaky söwda möçberi 84% ýokarlandy

BIZNES TÜRKMENISTAN
Türkmenistan bilen Eýranyň arasyndaky söwda möçberi 84% ýokarlandy
Sarahs gümrük nokady, Eýran

Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň Orunbasary Serdar Berdimuhamedow hem-de Eýranyň Ýol we şäher gurluşygy ministri Rostam Kasemi Tähranda şenbe güni geçirilen duşuşygyň barşynda 2021-nji ýylda iki ýurduň arasyndaky söwdanyň möçberiniň 84% ýokarlanandygyny bellediler. Bu barada Eýranyň IRNA agentligi habar berdi.

Gepleşikler Türkmenistanyň wekiliýetiniň Eýrana iki günlük saparynyň çäklerinde geçirildi. Türkmen wekiliýetine Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň Orunbasary Serdar Berdimuhamedow hem-de Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň Orunbasary, Daşary işler ministri Raşid Meredow ýolbaşçylyk etdi.

Serdar Berdimuhamedow bilen Rostam Kasemi esasan ulag we üstaşyr meselelerini ara alyp maslahatlaşdylar.

Türkmen önümleriniň Hindistana we günortadaky beýleki ýurtlara Eýranyň üsti bilen üstaşyr geçirilmegine ünsi çekip, Kasemi onuň iki ýurt üçin hem ykdysady taýdan bähbitlidigini aýtdy.

Kasemi Türkmenistan bilen ulag gatnaşyklaryny giňeltmek boýunça birnäçe teklipleri berdi.

Türkmen wekiliýeti Tährana amala aşyran saparynyň dowamynda Eýranyň Prezidenti Seýed Ibragim Raisi we Eýranyň ýokary derejeli hökümet işgärleri bilen hem gepleşik geçirdi.