Türkmenistanyň Energetika ministrliginiň “Türkmenenergogurluşyk” konserni ýurdumyzyň halkalaýyn energoulgamyň ikinji tapgyrynyň gurluşygyna başlady. Bu barada Türkmenistanyň resmi metbugaty anna güni habar berdi.
Halkalaýyn energoulgamyň ikinji tapgyrynyň gurluşygy Balkan welaýatyndan Daşoguza çenli uzaýan kuwwaty 500 kilowat we uzynlygy 560 kilometrden gowrak bolan elektrik geçirijisini öz içine alýar.
Gurluşykçylar demirbeton sütünlerini taýýarlap, olaryň üstünde 1 müň 446 sany metal gurluşy oturdarlar.
Elektrik geçirijiniň gurluşygy bilen birlikde taslamada transformatorlary, tok öçürijileri, aýyryjylary, rele goragyny we awtomatikasyny, telemehanika ulgamyny, kommunikasiýalary we SCADA oturtmak göz öňünde tutulandyr.
Ahal we Balkan welaýatlarynyň elektrik ulgamlaryny birleşdiren halkalaýyn energiýa ulgamynyň birinji tapgyrynyň gurluşygy geçen ýylyň awgust aýynda tamamlanyp, ulanylmaga berildi.
Ýurdumyzyň Ahal-Balkan-Daşoguz halkalaýyn energiýa ulgamynyň gurluşygyny 2023-nji ýylda tamamlamak meýilleşdirilýär.