Türkmenistan bilen Özbegistanyň arasyndaky söwda dolanyşygy 2021-nji ýylda 65% ýokarlanyp, takmynan 880 million ABŞ dollaryna barabar boldy. Ikitaraplaýyn söwdanyň ösüşi Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň Orunbasary Serdar Berdimuhamedow bilen Özbegistanyň premýer-ministriniň orunbasary, Maýa goýumlar we daşary söwda ministri Sardor Umurzakowyň arasynda duşenbe güni Daşkent şäherinde geçirilen duşuşygyň barşynda bellenilip geçildi.
Bu duşuşyga iki ýurduň degişli ministrlikleriniň, pudaklaýyn dolandyryş edaralarynyň, senagat birleşmeleriniň, söwda-senagat palatalarynyň ýolbaşçylary hem gatnaşdylar. Bu barada Özbegistanyň Maýa goýumlar we daşary söwda ministrliginiň metbugat gullugy habar berdi.
Duşuşykda maýa goýumlar, senagat, söwda-ykdysady, ulag-logistika, medeni-ynsanperwer, şeýle-de suw dolandyrylyşy we azyk howpsuzlygy ugurlarda hyzmatdaşlygyň häzirki ýagdaýy barada pikir alyşdylar.
Taraplar ozal gazanylan şertnamalaryň ýerine ýetirilişine ünsi çekip, geljegi uly ugurlarda hyzmatdaşlygy has-da çuňlaşdyrmak üçin mümkinçiliklere garadylar.
Şeýle hem, Türkmenistanyň we Özbegistanyň hökümet işgärleri soňky dört ýylyň dowamynda söwdanyň bäş esse ýokarlanandygyna ünsi çekdiler. Taraplar bar bolan söwda şertnamalarynyň ýerine ýetirilmegini öňe sürmek bilen, ýakyn geljekde ikitaraplaýyn söwda dolanyşygyny 1 milliard ABŞ dollaryna çenli ýokarlandyrmak üçin iki ýurduň kärhanalarynyň we öndürijileriniň arasynda hyzmatdaşlygy ýola goýmak boýunça bilelikdäki tagallalary güýçlendirmek isleýändiklerini mälim etdiler.
Duşuşygyň dowamynda oba hojalygynyň ýerlerinden peýdalanmagyň netijeliligini ýokarlandyrmak hem-de azyk hiliniň we howpsuzlygynyň halkara ülňülerini girizmek boýunça tejribe alyşmak barada ylalaşyk gazanyldy.
Duşuşygyň netijeleri boýunça taraplar oba hojalygy, elektrik inženerçiligi, himiýa senagaty we gurluşyk önümleriniň önümçiligi ýaly ugurlarda iki ýurduň işewür guramalarynyň arasynda birnäçe maýa goýum hem-de eksport şertnamalaryna gol çekdiler.