“Garabogazkarbamid” 989 müň tonnadan gowrak karbamid dökünini öndürdi

BIZNES TÜRKMENISTAN
“Garabogazkarbamid” 989 müň tonnadan gowrak karbamid dökünini öndürdi
Gazhimiýa kärhanasynda öndürilen döküniň 455 müň 144 tonna golaýy daşarky bazara ýerlenildi.

Balkan welaýatynyň Türkmenbaşy etrabynyň Garabogaz şäherinde ýerleşýän “Garabogazkarbamid” zawody geçen 2021-nji ýyl boýunça karbamid döküniniň 989 müň 111 tonna golaýyny we suwuk ammiagyň 570 müň 466 tonnadan gowragyny öndürdi.

Gazhimiýa kärhanasynda öndürilen döküniň 455 müň 144 tonna golaýy daşarky bazara ýerlenildi. Bu barada Türkmenistanyň resmi metbugaty çarşenbe güni habar berdi.

Karbamid döküni Russiýa, Beýik Britaniýa, Ukraina, Türkiýe ýaly döwletlere eksport edilýär.

“Garabogazkarbamid” zawody ýylda 1 million 155 müň tonna karbamidi hem-de 660 müň tonna sintetiki ammiagy öndürmäge ukyplydyr. Bu ýerde “mawy ýangyç” esasy çig mal bolup durýar.

Garabogazkarbamid” iri senagat zawody 2018-nji ýylyň sentýabrynda ulanylmaga berildi. Zawod Daniýanyň, Italiýanyň, Gollandiýanyň we ABŞ-nyň döwrebap tehnikalary bilen enjamlaşdyrylandyr.

2022