“Türkmendeňizderýaýollary” agentliginiň “Balkan” gämi gurluşyk we abatlaýyş zawody” açyk görnüşli paýdarlar jemgyýeti demir ýol wagonlaryny daşamak üçin iki sany “Ro-Ro” hem-de bir gury ýük daşaýjy gämisini gurar.
Gämileriň gurluşygy boýunça taslamalar anna güni sanly ulgam arkaly geçirilen Ministrler Kabinetiniň mejlisiniň barşynda Ministrler Kabinetiniň ýanyndaky Ulag we kommunikasiýalar agentliginiň Baş direktory Mämmethan Çakyýew Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedowyň garamagyna hödürledi.
Çakyýewiň bellemegine görä, ýükleme-düşürme işlerini ýeňilleşdirýändigi hem-de howpsuzlyk talaplaryna laýyk gelýändigi nazara alnyp, “Ro-Ro” görnüşli gämileri açyk palubaly görnüşde gurmak göz öňünde tutulýar. Gäminiň aşaky böleginde azyk, gurluşyk, oba hojalyk we beýleki önümler ýüklenen ýükli wagonlary daşamak bolar. Gury ýük daşaýjy gäminiň ýük göterijiliginiň 5 müň 100 tonna barabardygy bellenildi.
Hormatly Prezidentimiz hödürlenen taslamalary makullap, gämileriň görnüşlerini gurmagy özleşdirmek bilen, milli deňiz flotuny giňeltmegiň zerurdygyna, munuň bolsa suw ulaglary ulgamynda ýük dolanyşygynyň artmagyna ýardam etjekdigine ünsi çekdi.
Şeýle hem, mejlisde döwlet durmuşynyň başga-da birnäçe möhüm meselelerine garaldy we ykdysadyýetiň pudaklaryny ösdürmäge gönükdirilen çözgütler kabul edildi.