Türkmenistan ulag-logistika pudagynyň kuwwatyny artdyrýar

BIZNES TÜRKMENISTAN
Türkmenistan ulag-logistika pudagynyň kuwwatyny artdyrýar
Pakistan, Owganystan, Hindistan ýaly ýurtlar Russiýa, Gazagystana hem-de Ýewropa ýurtlaryna üstaşyr ýükleri daşamaga gyzyklanma bildirýärler.

Ministrler Kabinetiniň ýanyndaky Ulag we kommunikasiýalar agentliginiň Baş direktory Mämmethan Çakyýew anna güni sanly ulgam arkaly geçirilen Ministrler Kabinetiniň mejlisiniň barşynda Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedowa ulag-logistika ulgamynda alnyp barylýan işler barada hasabat berdi.

Hasabata görä, häzirki wagtda Owganystan-Türkmenistan-Azerbaýjan-Gruziýa-Türkiýe (Lapis Lazuli) we Özbegistan-Türkmenistan-Eýran-Oman üstaşyr ulag geçelgelerine Gazagystan, Katar we Hindistan ýaly ýurtlaryň goşulmagy bilen, bu ugurlary işjeňleşdirmek babatda synag ýüküni ugratmak, ýükleriň geçmeginde bökdençlikleriň döremezligini üpjün etmekde bar bolan meseleleri çözmek boýunça milli operatorlary kesgitlemek arkaly awtoulag we otly ýük kerwenlerini geçirmek meýilleşdirilýär.

Hytaý — Gazagystan — Türkmenistan — Eýran ugry boýunça konteýner gatnawlary üçin bäsdeşlige ukyply nyrhlar kesgitlenip, logistikany ösdürmek üçin şertler döredilýär.

Ýewropa-Kawkaz-Aziýa halkara ulag geçelgesi boýunça hem-de Hazar deňzi-Gara deňiz halkara ulag geçelgesi arkaly Ýewropa çykmak bilen, konteýner ýük daşalyşyny artdyrmak babatda meýilnamalaýyn işleriň amala aşyrylýandygy bellenildi.

Çakyýewiň aýtmagyna görä, Pakistan, Owganystan, Hindistan ýaly ýurtlar Russiýa, Gazagystana hem-de Ýewropa ýurtlaryna üstaşyr ýükleri daşamaga, şonuň ýaly-da, Hytaý-Täjigistan-Özbegistan-Türkmenistan-Eýran-Türkiýe ugry boýunça konteýner ýük daşalyşyny ýola goýmaga uly gyzyklanma bildirýärler.

Şunuň bilen baglylykda, ulag kompaniýalarynyň arasyndaky gepleşikleriň çäklerinde Türkmenbaşynyň Halkara deňiz portunyň üstaşyr ýük daşamakdaky mümkinçiliklerini peýdalanmak meýilleşdirilýär.

Mundan başga-da, mejlisiň dowamynda döwlet durmuşynyň ileri tutulýan meselelerine hem-de birnäçe taýýarlanylan resminamalaryň taslamalaryna garaldy.

2022