Ýanwar III hepde: eksport geleşikleri $54 milliona deň boldy

BIZNES TÜRKMENISTAN
Ýanwar III hepde: eksport geleşikleri $54 milliona deň boldy
Daşary ýurtly telekeçiler TNGIZT-da öndürilen uçar we yşyklandyryş kerosinini satyn aldylar.

Türkmenistanyň Döwlet haryt-çig mal biržasynda geçen hepdede daşary ýurt puluna geçirilen söwdalaryň möçberi 54 million ABŞ dollaryna barabar boldy. Bu barada Türkmenistanyň resmi metbugaty duşenbe güni habar berdi.

Russiýanyň, Birleşen Arap Emirlikleriniň, Şweýsariýanyň, Germaniýanyň, Türkiýäniň, Özbegistanyň, Owganystanyň we beýleki ýurtlaryň telekeçileri daşary ýurt puluna reňksiz aýna önümlerini, Türkmenbaşydaky nebiti gaýtadan işleýän zawodlar toplumynda öndürilen uçar we yşyklandyryş kerosinini, polipropileni, ýangyç mazudyny, nebit koksuny, bitumyny satyn aldylar. Bulardan başga-da, daşary ýurt puluna Türkiýäniň, Serbiýanyň işewür toparlarynyň wekilleri dürli metallaryň ýüzündäki posy we ýagy arassalamak üçin serişdäni hem-de buýan köküniň gury ekstraktyny satyn aldylar.

Beýik Britaniýanyň işewür toparlarynyň wekilleri bahasy 87 müň manatdan gowrak bolan derman senagatynyň dürli görnüşli önümlerini satyn aldylar.

Ýurdumyzyň telekeçileri içerki bazar üçin bahasy 254 müň 430 ABŞ dollaryna deň bolan nah ýüplügi, şeýle hem bahasy 1 million 613 müň manatdan gowrak bolan el halylaryny we pagta süýümini satyn aldylar.

Geçen hepdede Türkmenistanyň Döwlet haryt-çig mal biržasynyň söwdalarynda geleşikleriň 26-sy hasaba alyndy.

2022