“Türkmen aýna önümleri” kärhanasy 183 million manatdan gowrak önüm öndürdi

BIZNES TÜRKMENISTAN
“Türkmen aýna önümleri” kärhanasy 183 million manatdan gowrak önüm öndürdi
Kompaniýada düz aýnanyň 5 million 887 müňden gowrak inedördül metri öndürilip, sarp edijilere ýetirildi.

“Türkmen aýna önümleri” kärhanasynyň işçi hünärmenleri geçen 2021-nji ýylda 183 million 70 müň 592 manatlyk önüm öndürdiler.

Türkmenistanyň Senagat we gurluşyk önümçiligi ministrligine degişli bu kärhana önümçiliginde ýerli çig mal serişdelerinden peýdalanýar.

Kompaniýada düz aýnanyň 5 million 887 müň inedördül metrden gowragy öndürilip, sarp edijilere ýetirildi. Bu barada Türkmenistanyň resmi metbugaty duşenbe güni habar berdi.

Aýna öndürýän iri desga ýylda dury aýnanyň 7.2 million inedördül metrini, tonirlenen aýnanyň 1 million inedördül metrini, taplanan aýnanyň 300 müň inedördül metrini, laminirlenen aýnanyň 100 müň inedördül metrini we aýna paketleriniň 400 müň inedördül metrini öndürmäge ukyplydyr.

2018-nji ýylyň fewralynda açylan iri aýna önümçilik zawody diňe bir gurluşyk maksatly aýnalar öndürmän, buýurmalar esasynda 15 görnüşli çüýşe gaplary hem öndürýär. Bu buýurmalar türkmen telekeçileriniň önümçiliginde, lukmançylykda we hojalykda giňden ulanylýar.

2022