Welaýatlarda awtoulaglaryň tehniki ýagdaýyny hasaba almak boýunça täze merkezler açyldy

BIZNES TÜRKMENISTAN
Welaýatlarda awtoulaglaryň tehniki ýagdaýyny hasaba almak boýunça täze merkezler açyldy
Täze merkezleriň açylmagy etraplaryň ilatyna anyklaýyş işleriniň uzak aralyga gitmezden ýerine ýetirmäge mümkinçilik döredýär.

Ahal welaýatynyň Gökdepe, Bäherden, Tejen, Daşoguz welaýatynyň Köneürgenç, Lebap welaýatynyň Kerki, Mary welaýatynyň Baýramaly etraplarynyň we Balkan welaýatynyň Türkmenbaşy şäheriniň polisiýa bölümleriniň ýanynda Awtoulaglaryň tehniki ýagdaýynyň anyklaýyş we hasaba alyş toparynyň edara binalary ulanmaga berildi.

Türkmenistanyň resmi metbugatynyň duşenbe güni habar bermegine görä, täze merkezleriň açylmagy anyklaýyş işleriniň ýokary hil derejesini üpjün etmek bilen bir hatarda, etraplaryň ilaty üçin bu işleri uzak aralyga gitmezden, gysga wagtda ýerine ýetirmäge mümkinçilik döredýär.

Ulanmaga berlen desgalaryň gurluşyk işlerini Türkmenistanyň Içeri işler ministrliginiň Gurluşyk birleşigi ýerine ýetirdi. Bu desgalarda daşary ýurtlaryň dünýä belli kompaniýalarynyň öndürýän, häzirki zaman innowasion enjamlary ornaşdyryldy.

Bu enjamlar awtoulaglaryň ekologik kadalaryň talaplaryna laýyklygynyň, dolandyryş ulgamynyň tehniki ýagdaýynyň, tizlik ölçeýjisiniň işleýşiniň, hereketlendirijisiniň bölüp çykarýan gazynyň mukdarynyň, yşyklandyryş we durzujy ulgamlarynyň talabalaýyklygynyň barlaglaryny ýokary hilli geçirmäge mümkinçilik berýär.

Bu edara binalar Türkmenistanyň Içeri işler ministrliginiň Polisiýanyň ýol gözegçiligi gullugyna degişlidir.

Täzelikleriňizi ýollaň
Ugratmak
2022