Täjigistanly deputatlar Türkmenistan bilen demir ýol şertnamasyny tassykladylar

BIZNES TÜRKMENISTAN
Täjigistanly deputatlar Türkmenistan bilen demir ýol şertnamasyny tassykladylar
Ylalaşykda Täjigistanyň Türkmenistanyň Türkmenbaşy halkara deňiz porty bilen demir ýoly aragatnaşygynyň ýola goýulmagy göz öňünde tutulýar.

Täjigistanyň Parlamentiniň deputatlary Türkmenistan bilen Täjigistanyň arasynda demir ýol ulaglary pudagyndaky hyzmatdaşlyk boýunça şertnamany tassykladylar. Bu barada Täjigistanyň Parlamenti duşenbe güni metbugat beýanatynda habar berdi.

Ylalaşykda Täjigistanyň Türkmenistanyň Türkmenbaşy halkara deňiz porty bilen demir ýoly aragatnaşygynyň ýola goýulmagy göz öňünde tutulýar.

Täjigistanyň Parlamentiniň deputatlary ylalaşygyň ikitaraplaýyn hyzmatdaşlygy pugtalandyrmaga we iki ýurduň arasyndaky söwdanyň ýokarlanmagyna itergi berjekdigini aýdyp, üstaşyr demir ýollary hem-de Türkmenbaşy halkara deňiz porty Hazar deňzine çykalgany üpjün eder we Ýewropa bilen ulag geçelgelerini ýola goýmaga ýardam berer diýdiler.

Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedow we Täjigistan Respublikasynyň Prezidenti Emomali Rahmon geçen ýylyň awgust aýynda Aşgabatda geçirilen gepleşikleriň dowamynda senagat we transport pudaklarynda bar bolan giň mümkinçilikleriň ulanylmagy, Türkmenistanyň territoriýasyndan demir ýol we awtoulag ýoly arkaly halkara ýük gatnawynyň artdyrylmagy, Türkmenbaşy halkara deňiz portunyň Täjigistanyň üstaşyr ýükleri üçin logistika merkezi hökmünde ulanylmagy iki tarapyň hem bähbidine bolar diýip bellediler.

Türkiýäniň we Täjigistanyň döwlet demir ýol kompaniýalarynyň resmileri geçen anna güni Duşanbe şäherinde geçirilen duşuşygyň dowamynda Täjigistanyň üsti bilen Türkiýe-Türkmenistan-Hytaý ugry boýunça konteýner otly gatnawyny guramak hem-de Täjigistan bilen Türkiýäniň arasynda göni adaty we konteýner otlylarynyň işi barada pikir alyşdylar. Duşuşykda bu ugurlar boýunça teswirnama gol çekildi.

2022