TULM Türkiýäniň Owganystana iberen ynsanperwerlik kömeginiň daşalmagyna işjeň gatnaşýar

BIZNES TÜRKMENISTAN
TULM Türkiýäniň Owganystana iberen ynsanperwerlik kömeginiň daşalmagyna işjeň gatnaşýar
Otly 4 müň 200 kilometr töweregi ýol geçer we onuň 16 günüň dowamynda gelmegine garaşylýar. (Surat: raillynews.com)

“Türkmenistanyň Ulag-logistika merkezi” (TULM) açyk görnüşli paýdarlar jemgyýeti Türkiýäniň 750 tonna barabar bolan ynsanperwer kömeginiň Owganystana iberilmegine ýardam berýär.

750 tonna ynsanperwer kömegi bilen doldurylan 47 sany wagonly ýörite otly penşenbe güni Türkiýäniň paýtagty Ankaradan ugrady.

TULM-yň “Biznes Türkmenistan” internet neşirine penşenbe güni beren maglumatyna görä, ýola çykan otly fewral aýynyň başynda Eýran-Türkmenistan demirýoly arkaly ýurdumyzyň Etrek stansiýasyna geler. Stansiýada ynsanperwer kömegi TULM kompaniýasynyň ýükleme-düşürme hyzmatlary arkaly türkmen wagonlaryna geçirilip, Owganystanyň Turgundy demirýol stansiýasyna ugradylar.

Otly 4 müň 200 kilometr töweregi ýol geçer we onuň 16 günüň dowamynda gelmegine garaşylýar.

Türkiýäniň “Anadolu” agentliginiň habaryna görä, 11 sany hemaýat beriji guramalaryň ýygnan azyk, egin-eşik, ýorgan we saglygy goraýyş serişdelerinden ybarat bolan ýükleriň ugradylmagy Türkiýäniň Betbagtçylyklar we Adatdan daşary ýagdaýlar boýunça dolandyryş merkeziniň garamagynda amala aşyryldy.

Geçen ýylyň oktýabr aýynda TULM BMG-nyň Dünyä Iýmit Meýilnamasynyň (WFP) Türkiýeden Owganystana iberen 3 müň 500 tonna ununy Türkmenistanyň çäginden demirýol arkaly daşalmagyna goşant goşdy.

2022