Türkmenistanyň çäginden geçirilen üstaşyr ýükler 3,5 esse artdy

BIZNES TÜRKMENISTAN
Türkmenistanyň çäginden geçirilen üstaşyr ýükler 3,5 esse artdy
Milli Liderimiz üstaşyr ýük gatnawlarynyň bökdençsiz işini üpjün etmegiň zerurdygy belledi.

Türkmenistanyň çäginden geçirilen üstaşyr ýükleriň möçberi 2021-nji ýylda 3,5 esse artdy diýip, Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedow anna güni sanly ulgam arkaly geçirilen Ministrler Kabinetiniň mejlisiniň barşynda mälim etdi.

Mejlisiň dowamynda Ministrler Kabinetiniň ýanyndaky Ulag we kommunikasiýalar agentliginiň Baş direktory Mämmethan Çakyýew Balkan welaýatyna bolan iş saparynyň dowamynda Serhetýaka demir ýol menzilinde bolup, serhet geçelgesinden wagonlary wagtly-wagtynda kabul etmek we ugratmak boýunça işleriň ýagdaýy bilen tanşandygy barada hasabat berdi.

Hasabatda aýdylmagyna görä, Bereket-Serhetýaka we Bereket-Akýaýla demir ýol aralyklarynda işleýän teplowozlaryň sany artdyryldy. Şeýle-de Serhetýaka demir ýol menzilinde teplowozlara we wagonlara ýeňil abatlaýyş işlerini geçirýän hem-de hyzmatlary ýerine ýetirýän deponyň işi ýola goýuldy.

Döwlet Baştutanymyz hasabaty diňläp, Ýewropanyň, Ýakyn we Orta Gündogaryň, Merkezi, Günorta we Günorta-Gündogar Aziýanyň bazarlaryna çykalgalary açýan “Demirgazyk-Günorta” we “Gündogar-Günbatar” halkara ulag-üstaşyr geçelgelerini döretmek meselelerine möhüm ähmiýet berilýändigini belledi.

Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow bu baradaky gürrüňi dowam edip, Türkmenistanyň Ýewropa we Aziýa giňişliginde iri ulag-logistika merkezine öwrülýändigini aýtdy. Şeýle-de 2021-nji ýylda ýurdumyzyň çäginden geçirilen üstaşyr ýükleriň 3,5 esse artandygy bellenildi.

Milli Liderimiz üstaşyr ýük gatnawlarynyň bökdençsiz işini üpjün etmegiň zerurdygy barada aýdyp, bu babatda agentligiň ýolbaşçysyna birnäçe anyk tabşyryklary berdi.

Mundan başga-da, mejlisiň dowamynda döwlet durmuşynyň beýleki käbir meselelerine garaldy we olar boýunça degişli çözgütler kabul edildi.

Täzelikleriňizi ýollaň
Ugratmak
2022