“Türkmengaz” bilen “CNPC” $106,2 millionlyk şertnamalary baglaşar

BIZNES TÜRKMENISTAN
“Türkmengaz” bilen “CNPC” $106,2 millionlyk şertnamalary baglaşar
Türkmenistan 2021-nji ýylda Hytaýa 34 milliard kubmetre golaý tebigy gaz eksport etdi.

“Türkmengaz” döwlet konserni bilen “CNPC” kompaniýasy düzümleýin enjamlary gurnamak we “Galkynyş”, “Garabil” hem-de “Bagaja” känlerinde degişli hyzmatlary ýerine ýetirmek babatda goşmaça şertnamalary baglaşar. Bu şertnamalaryň umumy bahasy 106 million 200 müň ABŞ dollaryndan gowrak bolar.

Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary Şahym Abdrahmanow anna güni sanly ulgam arkaly geçirilen mejlisiň barşynda Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedowa gözegçilik edýän düzümlerinde alnyp barylýan işleriň ýagdaýy barada hasabat berdi.

Milli Liderimiz hasabaty diňläp, täze guýulary burawlamakda we ozal hereket edýän känleri döwrebaplaşdyrmakda häzirki zaman tehnologiýalarynyň giňden ulanylmagynyň wajypdygyna ünsi çekip, onuň türkmen gazynyň eksport möçberlerini artdyrmakda aýratyn ähmiýetiniň bardygyny belledi.

Döwlet Baştutanymyz maýa goýumlaryň ýurdumyzda alynýan çig mal serişdeleri bilen gaýtarylmalydygyny belledi.

Hormatly Prezidentimiz degişli Karara gol çekip, wise-premýere resminamadan gelip çykýan wezipeleriň ýerine ýetirilişine berk gözegçilik etmegi tabşyrdy.

Türkmenistan 2021-nji ýylda Hytaýa 34 milliard kubmetre golaý tebigy gaz eksport etdi.

Täzelikleriňizi ýollaň
Ugratmak
2022