Derweze DES 2,8 milliard kilowat sagada golaý elektrik energiýasyny öndürdi

BIZNES TÜRKMENISTAN
Derweze DES 2,8 milliard kilowat sagada golaý elektrik energiýasyny öndürdi
Derweze döwlet elektrik stansiýasy 2015-nji ýylyň 12-nji sentýabrynda işe girizildi.

Derweze döwlet elektrik stansiýasy geçen 2021-nji ýylda 2 milliard 724 million 759 müň kilowat sagat elektrik energiýasyny öndürip, geçen ýyly guwandyryjy netijeler bilen jemlemegi başardy.

Türkmenistanyň resmi metbugatynyň sişenbe güni habar berşi ýaly, bu görkeziji 2020-nji ýyl bilen deňeşdirilende 104,5% ýokarydyr.

Bellenilişi ýaly, paýtagtymyzyň we ýurdumyzyň sebitleriniň ilatyny we degişli desgalary elektrik energiýasy bilen ygtybarly üpjün etmekde möhüm orun eýeleýän bu kuwwatly gazturbinaly elektrik stansiýasynda, degişli döwürde öndürilen elektrik energiýasy sarp edijilere bökdençsiz iberildi.

Derweze döwlet elektrik stansiýasy 2015-nji ýylyň 12-nji sentýabrynda işe girizildi. Bu ýerde jemi kuwwaty 504,4 MWt bolan dört sany gaz turbina desgalary gurnaldy. Elektrik stansiýasynyň işe girizilmegi Aşgabat şäheriniň we Ahal welaýatynyň sarp edijileriniň elektrik üpjünçiliginiň ygtybarlylygyny ýokarlandyrmaga mümkinçilik berdi.

Mälim bolşy ýaly, şu ýylyň başynda Türkmenistanyň Energetika ministrliginiň “Türkmenenergogurluşyk” konserni ýurdumyzyň halkalaýyn energoulgamyň ikinji tapgyrynyň gurluşygyna başlady. Halkalaýyn energoulgamyň ikinji tapgyrynyň gurluşygy Balkan welaýatyndan Daşoguza çenli uzaýan kuwwaty 500 kilowat we uzynlygy 560 kilometrden gowrak bolan elektrik geçirijisini öz içine alýar. 

2022