Moskwa TOPH gaz geçiriji taslamasyna gyzyklanma bildirýär

BIZNES TÜRKMENISTAN
Moskwa TOPH gaz geçiriji taslamasyna gyzyklanma bildirýär
Uzynlygy 1 müň 814 kilometrlik TOPH gaz geçirijisiniň ýylda 33 milliard kubmetr türkmen tebigy gazyny daşamagyna garaşylýar.

Moskwa Türkmenistan-Owganystan-Pakistan-Hindistan (TOPH) gaz geçiriji taslamasyna Russiýanyň gatnaşmagynyň mümkinçiligini syýasy taýdan özüne çekiji hökmünde garaýar diýip, Russiýanyň Prezidentiniň Owganystan boýunça ýörite wekili Zamir Kabulow TASS agentligine beren beýanatynda aýtdy.

Owganystandaky özgerişlerden soňra TOPH boýunça alnyp barlan işjeň gepleşikleriň esasynda Moskwa bu taslama gatnaşmagy göz öňünde tutýarmy diýlen soraga, Kabulow “syýasy taýdan şeýle mümkinçilik özüne çekiji bolup durýar” diýip, taslamanyň howpsuzlygyny üpjün etmek boýunça meseleleriň häzirki wagtda durnuklaşýandygyny belledi.

Şol bir wagtyň özünde, ilçi gaz geçiriji taslamasyna gatnaşmak baradaky jemleýji karary ykdysady operatorlaryň berjekdigini aýtdy.

“Hemme zat meseläniň täjirçilik tarapyna, bu taslamanyň durmuşa geçirilmegine gatnaşmakdan girdeji gazanmagyna bagly bolar” diýip, Kabulow sözüniň üstüni ýetirdi.

Uzynlygy 1 müň 814 kilometrlik TOPH gaz geçirijisiniň ýylda 33 milliard kubmetr türkmen tebigy gazyny daşamagyna garaşylýar.

2022