Türkmenistanda ýuridik şahslar haýsy işi ygtyýarnamasyz amala aşyryp bilýärler?

BIZNES TÜRKMENISTAN
Türkmenistanda ýuridik şahslar haýsy işi ygtyýarnamasyz amala aşyryp bilýärler?
Türkmenistanyň Ministrler Kabineti tarapyndan tassyklanylan düzgünnamasynda işiň degişli görnüşleri göz öňünde tutulan döwlet kärhanalary, işiň şol görnüşleri boýunça işi ygtyýarnamasyz amala aşyrmaga haky bardyr.

“Işiň aýry-aýry görnüşlerini ygtyýarlylandyrmak hakynda” Türkmenistanyň Kanunyna laýyklykda, Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň çözgüdi esasynda döredilip, Türkmenistanyň Ministrler Kabineti tarapyndan tassyklanylan düzgünnamasynda işiň degişli görnüşleri göz öňünde tutulan döwlet kärhanalary, işiň şol görnüşleri boýunça işi ygtyýarnamasyz amala aşyrmaga haky bardyr.

Kanuna laýyklykda, şu aşakdakylar hem Türkmenistanyň çäginde işi ygtyýarnamasyz amala aşyrmaga haklydyrlar:

  • işiň degişli görnüşlerini ygtyýarlylandyrmagy amala aşyrýan ygtyýarlylandyryjy edaranyň düzümine girýän, işiň bu görnüşlerini amala aşyrýan döwlet kärhanalary;
  • erkin ykdysady zolagyň (milli syýahatçylyk zolagy we beýlekiler) çäginde işi bellenilen tertipde amala aşyrýan şahslar, görkezilen iş bu zolagyň çägi bilen çäklenýän şertinde we (ýa-da) konsessiýa şertnamasynyň şertlerinde;
  • Türkmenistanyň halkara şertnamasynyň ýa-da Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň çözgüdiniň esasynda bellenilen tertipde döredilen, bilim bermek we işgärleri hünäre taýýarlamak işini şahamçalarynyň üsti bilen amala aşyrýan, bu işi Türkmenistanda amala aşyrmaga daşary ýurt döwletiniň rugsady (ygtyýarnamasy) bolan bilelikdäki bilim edaralary, şeýle hem daşary ýurt döwletleriniň bilim edaralary.

Ýokarda görkezilen şahslar ygtyýarlylandyrmak hakyndaky Düzgünnamalar bilen bellenilen ygtyýarnama talaplaryny we şertlerini ýerine ýetirmäge borçludyrlar.

Ygtyýarnama bu ygtyýarlylandyryjy edara tarapyndan ygtyýarnama talaplaryny we şertlerini hökmany berjaý etmek şerti bilen ygtyýarnamalar berilýän, Türkmenistanyň Raýat kodeksine laýyklykda telekeçilik işiniň hem-de hünärmenlik hyzmatlaryny ýerine ýetirmek çygryndaky işiň ygtyýarlylandyrylýan görnüşini amala aşyrmaga hukuk berýän ýörite rugsatdyr.

Çeşme: “Işiň aýry-aýry görnüşlerini ygtyýarlylandyrmak hakynda” Türkmenistanyň Kanuny

 

Täzelikleriňizi ýollaň
Ugratmak
2022