Aşgabat Türkmenistan-Hytaý gaz geçirijisiniň 4-nji şahasynyň gurluşygyna seretmäge taýýar

BIZNES TÜRKMENISTAN
Aşgabat Türkmenistan-Hytaý gaz geçirijisiniň 4-nji şahasynyň gurluşygyna seretmäge taýýar
Türkmenistan-Hytaý gaz geçirijisi ýylda 55 milliard kubmetr gaz daşamaga mümkinçilik berýär.

Aşgabat Hytaýa türkmen tebigy gazynyň iberilýän möçberlerini has-da artdyrmak meseleleriniň üstünde işleýär, şunuň bilen baglylykda, Türkmenistandan Hytaýa çenli ugur boýunça 4-nji turbageçirijini gurmagyň mümkinçiliklerini düýpli ara alyp maslahatlaşmaga taýýardyr diýip, Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedow çarşenbe güni Hytaýyň döwlet metbugat serişdelerine beren beýanatynda mälim etdi.

Milli Liderimiz metbugat serişdelerine, şol sanda CGTN halkara täzelikler telekompaniýasyna we “Sinhua” habarlar agentligine beren beýanatynda ýangyç-energetika ulgamy Türkmenistanyň we Hytaýyň hyzmatdaşlygynyň ileri tutulýan ugurlarynyň biridigini aýdyp, 2009-njy ýylda Türkmenistan-Hytaý gaz geçirijisiniň ulanylmaga berilmegi hem munuň aýdyň subutnamasydygyny belledi.

“Häzirki wagtda biz Hytaý Halk Respublikasynyň ykdysadyýetiniň barha artýan zerurlyklaryny hem-de Türkmenistanyň serişdeler binýadynyň mümkinçiliklerini hasaba almak bilen, türkmen tebigy gazynyň iberilýän möçberlerini has-da artdyrmak meseleleriniň üstünde işleýäris. Şunuň bilen baglylykda, biz Türkmenistandan Hytaýa çenli ugur boýunça 4-nji turbageçirijini gurmagyň mümkinçiliklerini düýpli ara alyp maslahatlaşmaga taýýardyrys” diýip, Döwlet Baştutanymyz nygtady.

Şeýle-de Milli Liderimiz ýakyn wagtda Pekinde geçiriljek 2022-nji ýylyň Gyşky Olimpiýa oýunlarynyň açylyş dabarasyna gatnaşjakdygyny tassyklap, bu sport bäsleşikleriniň bütin dünýä üçin ägirt uly ähmiýete eýedigini aýtdy.

Häzirki wagtda Türkmenistan-Özbegistan-Gazagystan-Hytaý ugry boýunça uzaýan üç sany gaz geçirijisi arkaly Türkmenistan öz ýangyjyny Hytaýa eksport edýär. Turba geçiriji ulgamy ýylda 55 milliard kubmetr gaz daşamaga mümkinçilik berýär. Onuň üsti bilen ugradylýan gazyň köp bölegi Türkmenistandan we galan bölegi Gazagystan hem-de Özbegistandan alynýar.

Ýylda 30 milliard kubmetr tebigy gazy ugratmaga ukyply bolan dördünji turbageçiriji ulgamynyň Türkmenistan-Özbegistan-Täjigistan-Gyrgyzystan-Hytaý ugrunda gurulmagyna garaşylýar. Onuň işe girizilmegi bilen Türkmenistandan Hytaýa iberilýän tebigy gazyň möçberiniň ýyllyk 65 milliard kubmetre çenli artdyrylmagyna garaşylýar.

Türkmenistan 2021-nji ýylda Hytaýa 34 milliard kubmetre golaý tebigy gaz eksport etdi.

2022