Türkmenistanda ýol gurluşygyny dolandyrmak boýunça döwlet agentligi dörediler

BIZNES TÜRKMENISTAN
Türkmenistanda ýol gurluşygyny dolandyrmak boýunça döwlet agentligi dörediler
Täze agentlik iki ýyl mundan öň Türkmenistanyň Gurluşyk we binagärlik ministrligine birleşen “Türkmenawtoýollary” döwlet konserniniň hukuk oruntutary diýip kesgitlenildi.

Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedow sanly ulgam arkaly penşenbe güni geçirilen Ministrler Kabinetiniň mejlisiniň barşynda Awtomobil ýollarynyň gurluşygyny dolandyrmak baradaky döwlet agentligini döretmek hakynda Permana gol çekdi.

Gol çekilen resminama laýyklykda, täze agentlik iki ýyl mundan öň Türkmenistanyň Gurluşyk we binagärlik ministrligine birleşen “Türkmenawtoýollary” döwlet konserniniň hukuk oruntutary diýip kesgitlenildi.

Geçen anna güni sanly ulgam arkaly geçirilen Ministrler Kabinetiniň mejlisiniň barşynda hormatly Prezidentimiz hökümet resmilerine ykdysadyýetiň bazar gatnaşyklarynyň talabyna laýyk geljek awtomobil ýollarynyň gurluşygyny dolandyrmak baradaky döwlet edarasynyň döredilmegi boýunça degişli tabşyryklary berdi.

“Ýurdumyzyň Konstitusiýasyna laýyklykda, ykdysadyýetimiz bazar gatnaşyklaryna görä guralýar. Döwletimizi ösdürmek boýunça ähli uzak möhletleýin meýilnamalarymyz hem bu ugra gönükdirilendir” diýip, Milli Liderimiz aýtdy. Şeýle-de ol agentligiň Düzgünnamasynda bazar gatnaşyklaryna degişli ähli kadalaryň beýan edilmelidigi bellenildi.

Döwlet Baştutanymyz täze agentligiň merkezi edarasynyň gurluşy barada Karara hem gol çekdi.

Şeýle-de iş maslahatynyň dowamynda milli ykdysadyýetimiziň pudaklary tarapyndan şu ýylyň ýanwar aýynda ýerine ýetirilen işleriň jemleri jemlenildi, birnäçe resminamalaryň taslamalaryna we döwlet durmuşynyň möhüm wezipelerine garaldy.

2022