Şu ýylyň ýanwar aýy boýunça Türkmenistanyň jemi içerki önümiň ösüş depgini 6,2%-e deň boldy. Bu barada Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary Serdar Berdimuhamedow penşenbe güni sanly ulgam arkaly geçirilen iş maslahatynyň dowamynda Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedowa beren hasabatynda mälim etdi.
Şeýle-de hasabat döwründe ösüş depgini senagat pudagynda 7,40%-e, gurluşykda 0,3%-e, ulag-kommunikasiýa toplumynda 4%-e, söwdada 8,8%-e, oba hojalygynda 3,2%-e, hyzmatlar ulgamynda bolsa 6,1%-e barabar boldy.
Ýanwar aýynda öndürilen önümleriň derejesi geçen ýylyň degişli döwri bilen deňeşdirilende 7,7% artdy.
Hasabat döwründe bölek haryt dolanyşygynyň möçberi, geçen ýylyň degişli döwri bilen deňeşdirilende 9,9% artdy. Bu döwürde daşary söwda dolanyşygy 6,3% artdy.
Şu ýylyň ýanwar aýynyň deslapky jemleri boýunça Döwlet býujetiniň girdeji böleginiň meýilnamasy 102%, çykdajy böleginiňki bolsa 83,2% berjaý edildi.
Ähli pudaklar boýunça özgertmeler maksatnamalarynda kesgitlenen meýilnamalaýyn görkezijileriň degişli derejede ýerine ýetirilişini yzygiderli gözegçilikde saklamak barada wise-premýere anyk tabşyryklar berildi.