Hytaý türkmen gämigurluşyk taslamalaryny maliýeleşdirmekde hyzmatdaşlyga taýýardygyny aýdýar

BIZNES TÜRKMENISTAN
Hytaý türkmen gämigurluşyk taslamalaryny maliýeleşdirmekde hyzmatdaşlyga taýýardygyny aýdýar
Duşuşygyň dowamynda hytaý tarapy Türkmenistanyň ulag-logistika mümkinçiliklerine gyzyklanma bildirdi.

Ministrler Kabinetiniň ýanyndaky Ulag we kommunikasiýalar agentliginiň Baş direktory M.Çakyýew ulag, inženerçilik we logistika ulgamlarynda işleri alyp barýan Hytaýyň kompaniýalarynyň wekilleri bilen geçen anna güni onlaýn görnüşde maslahat geçirdi.

Hytaýyň iri maşyngurluşyk kompaniýalarynyň biri bolan “China Machinery Engineering Corporation” kompaniýasynyň ýolbaşçylary bilen geçirilen duşuşygyň dowamynda hytaý tarapy ýurdumyzda amala aşyrylýan gämigurluşyk taslamalaryny maliýeleşdirmek we hünärmenleri taýýarlamak babatda hyzmatdaşlygy ýola goýmagy maksat edinýändigini beýan etdi. Bu barada Türkmenistanyň resmi metbugaty habar berdi.

Maslahatyň dowamynda ählumumy durnukly ösüşi üpjün etmegiň wajyplygyny nazarda tutup, Türkmenistan we Hytaý aýratyn ähmiýete eýe bolan ulag-aragatnaşyk ulgamyndaky hyzmatdaşlyga ünsi çekdiler.

“China Civil Engineering Construction Corporation” korporasiýasynyň ýolbaşçylary bilen duşuşykda Hytaýyň eksport-import ýüklerini has amatly ugur boýunça Türkmenistanyň çäginden üstaşyr geçirmegiň, demir ýollar arkaly daşalýan üstaşyr ýükleriň möçberini artdyrmagyň, şeýle hem şu pudagyň teplowoz we ýolagçy wagonlaryna gerek bolan ätiýaçlyk şaýlary ibermegiň hem-de bu ugurda hyzmatdaşlygy ýola goýmagyň mümkinçilikleri ara alnyp maslahatlaşyldy.

Hytaý ulag-aragatnaşyk assosiasiýasynyň ýanyndaky Halkara konteýner demir ýol ulaglaryny gurnamak işleri boýunça utgaşdyryjy merkeziň ýolbaşçylary bilen geçirilen gepleşiklerde hytaý tarapy ýurdumyzyň ulag-logistika mümkinçiliklerine gyzyklanma bildirdi. Mundan başga-da, Ýewropa we Türkiýe ugurlary boýunça Türkmenistanyň çäginden ýük konteýner demir ýol ulaglaryny geçirmek bilen baglanyşykly meseleler ara alnyp maslahatlaşyldy.

Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedowyň ýolbaşçylygyndaky türkmen wekiliýeti geçen hepde Hytaýa sapar amala aşyrdy. Şenbe güni türkmen we hytaý Liderleri ikitaraplaýyn ykdysady hyzmatdaşlygy mundan beýläk-de ösdürmek barada gepleşikleri geçirdiler.

2022