“Üçek” önüm öndürijileri gaplama örtükleri bilen üpjün edýär

BIZNES TÜRKMENISTAN
“Üçek” önüm öndürijileri gaplama örtükleri bilen üpjün edýär
Kompaniýa aýda 80 tonna dürli gaplama örtüklerini öndürmäge ukyplydyr.

Mary welaýatynyň Mary şäherinde ýerleşýän “Üçek” hojalyk jemgyýeti ýurdumyzyň önüm öndürijilerini gaplama örtükleri bilen üpjün edýär. Kompaniýa ýakynda önümleriniň görnüşlerini köpeltmek maksady bilen sowuk laminasiýanyň önümçiligini ýola goýdy.

Kompaniýanyň wekiliniň sişenbe güni “Biznes Türkmenistan” internet neşirine beren beýanatyna görä, kärhananyň çeýe gaplama örtüklerini öndürmekde türkmen bazarynda uly orny bar. Köke-süýjileri, şokoladlary, gury iýmişleri, kofeleri, doňdurmalary we dürli içgileri gaplamaga niýetlenen örtüklere içerki bazarda uly isleg bildirilýär.

Kompaniýanyň önümçilik sehinde dünýäniň öňdebaryjy kompaniýalarynyň iň döwrebap enjamlarynyň ornaşdyrylmagy aýda 80 tonna dürli gaplama örtüklerini öndürmäge mümkinçilik berýär. Gaplama örtükleri öndürilende daşary ýurtlardan getirilýän çig mallar bilen bir hatarda ýerli çig mallar hem ulanylýar. Bu bolsa daşarky öndürijiler bilen bäsdeşligi artdyrýar hem-de ýurdumyzda importyň ornuny tutýan önümleri öndürmäge ýardam berýär.

“Esasy maksadymyz ýerli gaplama önümlerini öndürmek bilen ýurdumyzda importyň ornuny tutýan we eksport ugurly önümleri öndürmeklige goşant goşmakdan ybaratdyr“ diýip, kompaniýanyň wekili beýanatynda belledi.

“Üçek” hojalyk jemgyýeti 2020-nji ýylda esaslandyryldy. Kompaniýa geljekde eksporty ýola goýmagy hem-de daşary ýurtly hyzmatdaşlar bilen bu ugurda gepleşikleri alyp barmagy maksat edinýär. Şeýle-de kompaniýa ýurdumyzyň önüm öndüriji telekeçilerini hyzmatdaşlyga çagyrýar.

Habarlaşmak üçin telefon belgisi: +993 61 080215

2022