Türkmenistanyň daşary söwda dolanyşygy 2021-nji ýylda 20,5% artdy

BIZNES TÜRKMENISTAN
Türkmenistanyň daşary söwda dolanyşygy 2021-nji ýylda 20,5% artdy
Geçen ýyl Türkmenistanyň jemi içerki önümi 6,2% ýokarlandy.

Türkmenistanyň daşary söwda dolanyşygy 2021-nji ýylda 15,1 milliard ABŞ dollary möçberine barabar bolup, geçen 2020-nji ýyl bilen deňeşdirilende 20,5% ýokarlandy diýip, Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň Orunbasary Serdar Berdimuhamedow anna güni hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň başlyklyk etmeginde geçirilen Türkmenistanyň Milli Geňeşiniň Halk maslahatynyň nobatdan daşary mejlisiniň barşynda mälim etdi.

Wise-premýeriň hasabatynda bellenilmegine görä, geçen ýyl Türkmenistanyň jemi içerki önümi 6,2% ýokarlandy. Hasabat döwründe ösüş depgini senagat pudagynda 9,2%-e, gurluşyk pudagynda 0,3%-e, ulag we aragatnaşyk pudagynda 4,3%-e, söwdada 8,8%-e, oba hojalygynda 3,8%-e, hyzmatlar ulgamynda 5,8%-e deň boldy.

Bölek-satuw haryt dolanyşygy 114,2 milliard manada deň bolup, 2020-nji ýyla garanyňda 16,6% ýokarlandy.

Hasabat döwründe pudagara algylar 4 milliard manat bolup, 2020-nji ýyl bilen deňeşdirilende 5,5% peseldi we pudagara bergiler 7,5 milliard manada deň bolup, 2,9% peseldi.

Maliýeleşdirmegiň ähli çeşmeleriniň hasabyna özleşdirilen düýpli maýa goýumlaryň möçberi 31,7 milliard manada barabar boldy.

Serdar Berdimuhamedow Türkmenistany 2022-nji ýylda durmuş-ykdysady taýdan ösdürmegiň maksatnamasynyň taslamasy bilen tanyşdyrdy. 

Hasabaty diňläp, hormatly Prezidentimiz jemi içerki önümiň ösüşini azyndan 6%-e ýetirmek hem-de döwletimiziň girdejilerini artdyryp, bazar ykdysadyýetini ösdürmek boýunça degişli işleri amala aşyrmagyň zerurdygyny belledi.

Türkmenistanyň Prezidenti wise-premýere gözegçilik edýän pudaklary boýunça birnäçe tabşyryklary berdi, şeýle-de Türkmenistany 2022-nji ýylda durmuş-ykdysady taýdan ösdürmegiň maksatnamasyny tassyklady.

Mejlise Türkmenistanyň Milli Geňeşiniň Halk maslahatynyň saýlanan agzalary, Mejlisiň deputatlary, döwlet häkimiýet edaralarynyň, syýasy partiýalaryň we jemgyýetçilik guramalaryň ýolbaşçylary, welaýatlaryň, etraplaryň hem-de şäherleriň häkimleri, halkyň hormatly ýaşululary, ilatyň ähli gatlaklarynyň wekilleri gatnaşdylar.

Mejlisiň barşynda Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň Orunbasarlarynyň, ýurdumyzyň ministrlikleriniň we pudak edaralarynyň ýolbaşçylarynyň, şeýle hem welaýatlaryň häkimleriniň 2021-nji ýylda ýerine ýetirilen işleriň netijeleri boýunça hasabatlary diňlenildi.

Täzelikleriňizi ýollaň
Ugratmak
2022