Hususylaşdyrylan döwlet desgalaryndan 470 million manada golaý girdeji gazanyldy

BIZNES TÜRKMENISTAN
Hususylaşdyrylan döwlet desgalaryndan 470 million manada golaý girdeji gazanyldy
Döwlet emläginden alnan kärende tölegi 208 million 565 müň manada deň boldy.

Maliýe we ykdysadyýet ministri Muhammetgeldi Serdarow anna güni geçirilen Türkmenistanyň Milli Geňeşiniň Halk maslahatynyň nobatdan daşary mejlisiniň dowamynda 2021-nji ýylda döwlet eýeçiligindäki desgalaryň 95-siniň hususylaşdyrylandygyny hem-de olaryň hususylaşdyrylmagyndan 469 million 954 müň manat serişdeleriň döwlet býujetine gelip gowuşandygyny mälim etdi.

Mejlise Türkmenistanyň Milli Geňeşiniň Halk maslahatynyň saýlanan agzalary, Mejlisiň deputatlary, döwlet häkimiýet edaralarynyň, syýasy partiýalaryň we jemgyýetçilik guramalaryň ýolbaşçylary, welaýatlaryň, etraplaryň hem-de şäherleriň häkimleri, halkyň hormatly ýaşululary, ilatyň ähli gatlaklarynyň wekilleri gatnaşdylar.

2021-nji ýylda Döwlet býujetiniň ýerine ýetirilişi, özleşdirilen maýa goýumlar we Oba milli maksatnamasynyň ýerine ýetirilişi barada beren hasabatynyň çäklerinde Muhammetgeldi Serdarow ýurduň baş maliýe meýilnamasynyň girdeji bölegi 104,1%, çykdajy bölegi bolsa 99,9% berjaý edilendigini aýtdy.

Şeýle hem, döwlet emläginden alnan kärende tölegi 208 million 565 müň manada deň boldy.

Maliýeleşdirmegiň ähli çeşmeleriniň hasabyna 31,7 milliard manat möçberde maýa goýumlar özleşdirilip, bu görkeziji jemi içerki önümiň 18,1%-ne deň boldy.

2022